OPEC+ nebit önümçiligini sentýabr aýynda artdyrar

OPEC+ nebit önümçiligini sentýabr aýynda artdyrar

OPEC+ ýurtlary çarşenbe güni nebit önümçiligini sentýabr aýynda ozalky aýlara garanyňda pes derejede artdyrmak barada ylalaşdylar. Bu barada AP agentligi habar berdi.

OPEC ýurtlaryny we Russiýa ýaly beýleki öňdebaryjy nebit öndürijilerini öz içine alýan bu topar sentýabr aýynda nebitiň günlük önümçiligini 100 müň barrel ýokarlandyrjakdygyny mälim etdi. Ol iýul we awgust aýlarynda nebitiň günlük önümçiligini 648 müň barrel artdyrypdy.

Habara görä, topar bu karara gelende ýokary inflýasiýanyň we COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň ýokarlanmagynyň güýzde dünýäde nebit önümlerine bolan talaba ýetirip biljek täsirini göz öňünde tutdy.

OPEC+ COVID-19 ýokanjynyň giňden ýaýran döwri, ýagny 2020-nji ýylda nebitiň bahasy we oňa bolan talap çökende kemelden nebit önümçiligiň ählisini gaýtadan dikeltdi. Ykdysadyýetiň dikelmegi bilen OPEC+ kem-kemden bazary has köp nebit bilen üpjün edip gelýär.

Muňa garamazdan, täze nebit önümçilige az maýa goýandyklary sebäpli, toparyň köp agzasy özleriniň önümçilik kuwwatlaryny tüketdiler we önümçiligi artdyrmak boýunça bellenen maksada ýetmek babatda kynçylyk çekdiler. Geosyýasy bökdençlikler bilen birlikde, goşmaça üpjünçiligiň bolmazlygy energiýa bahalaryny ýokarlandyrdy we inflýasiýa itergi berdi.

Fewral aýynda nebitiň bahasy birden ýokarlandy.Soňra onuň bahasy OPEC+ ýurtlarynyň iň soňky geçiren duşuşygyndan bäri pese gaçdy, emma çarşenbe güni biraz ýokarlandy.Nebitiň WTI görnüşiniň bir barreli 94 ABŞ dollaryna deň boldy.

Onuň bir barreliniň bahasy bir aý mundan ozal 105 ABŞ dollaryndan gowrakdy. Şeýle-de nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barelliniň bahasy 100 ABŞ dollaryndan gowrak boldy.Bir aý mundan ozal bir barelli 110 ABŞ dollaryndan satylýardy.

Şeýle-de OPEC çarşenbe güni global nebit üpjünçiliginiň 2023-nji ýyldan soň talaby kanagatlandyryp bilmejekdigini çaklady.

Ýene degişli makalalar

Dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýlary sebäpli nebitiň bahalary 3% peseldi
EIA: 2023-de nebitiň ortaça bahasy $95-den geçer
OPEC gaznasy türkmen gämi gurluşyk taslamasyna $45 million karz berýär
“JPMorgan”: 2022-nji ýylda nebitiň bahasy $125-e ýeter
Aşgabatda halkara nebitgaz maslahaty öz işine başlady
Nebit we gaz forumyna 100-den gowrak kompaniýanyň wekilleri onlaýn gatnaşdy