OPEC+ nebit önümçiligini fewral aýyndan artdyrar

OPEC+ nebit önümçiligini fewral aýyndan artdyrar

OPEC+ ýurtlary sişenbe güni koronawirus ýokanjynyň “omikron” görnüşiniň global energiýa islegine belli bir derejede ýeňil täsir etmegine garaşýandygy sebäpli, nebit önümçiligini artdyrmak boýunça meýilnamasyny fewral aýynda hem dowam etmegi ylalaşdylar. Bu barada “Reuters“ agentligi habar berýär.

OPEC ýurtlaryny we Russiýa ýaly beýleki öňdebaryjy nebit öndürijilerini öz içine alýan bu topar awgust aýyndan bäri her aý nebitiň günlik önümçiligini 400 müň barrel ýokarlandyryp gelýär.

Bu topar 2020-nji ýylyň aprel aýynda koronawirus pandemiýasynyň nebite bolan islege ýetiren ýaramaz täsiri sebäpli özüniň günlik nebit önümçiligini 10 million barrel azaltdy.

Habarda bellenilişi ýaly, dekabr aýynda dünýäde harytlaryň önümçiligi ýokary depginde alnyp baryldy. Bu koronawirusyň “omikron” görnüşiniň önümçilige täsiriniň az bolandygynyň nyşanydyr.

“Brent” nebitiniň şertnamalarynyň bahasy geçen ýylyň dowamynda 50%-e ýakyn ýokarlandy we şu ýyl onuň bahasynyň ýokarlanmagy dowam edýär. OPEC+ ýurtlarynyň ylalaşygy netijesinde sişenbe güni onuň bahasy 80 ABŞ dollaryndan hem geçipdi.

OPEC duşenbe güni Kuweýtli Haýtam Al-Gaýsynyň toparyň baş sekretar wezipesine saýlanandygyny mälim etdi. Ol öz wezipe işlerine awgust aýyndan girişer.

Ýene degişli makalalar

Dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýlary sebäpli nebitiň bahalary 3% peseldi
OPEC+ nebit önümçiligini sentýabr aýynda artdyrar
EIA: 2023-de nebitiň ortaça bahasy $95-den geçer
OPEC gaznasy türkmen gämi gurluşyk taslamasyna $45 million karz berýär
“JPMorgan”: 2022-nji ýylda nebitiň bahasy $125-e ýeter
Aşgabatda halkara nebitgaz maslahaty öz işine başlady
Nebit we gaz forumyna 100-den gowrak kompaniýanyň wekilleri onlaýn gatnaşdy