OPEC Halkara ösüş gaznasy (OPEC gaznasy) Türkmenistanda “Deňiz söwda floty” taslamasy üçin 45 million ABŞ dollary möçberinde karz serişdesini bölüp berer.
Bu karz dünýädäki durnukly ösüş amallary üçin OPEC gaznasy tarapyndan tassyklanan 352 million ABŞ dollarynyň bir bölegidir. Karz serişdesiniň bölünip berilmegi guramanyň Dolandyryş Geňeşiniň çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen 178-nji mejlisinde ylalaşyldy. Bu barada OPEC gaznasynyň beýanatynda aýdylýar.
Beýanatda aýdylmagyna görä, Türkmenistandaky taslama demirýol, ýolagçy we gury ýükler üçin üç sany täze gäminiň gurluşygyny öz içine alar we täze gämiler işe girizilenden soň Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesiniň bir bölegi hem-de ýurtdaky iň uly portlaryň biri bolan Hazar deňzindäki Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanylyşyny artdyrar.
OPEC gaznasy bu taslamanyň gämi zawodynyň işgärlerine gämi gurluşygy we abatlaýyş işleri boýunça tälimleriň berilmegi arkaly tehnologik tejribeleriň paýlaşyljakdygyny mälim etdi. Söwda we ykdysady işjeňligi ösdürmekden başga-da, taslamanyň esasanam ýaş uçurymlar üçin iş mümkinçiliklerini döretmegine garaşylýar.
OPEC gaznasy 1976-njy ýylda Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEC) tarapyndan esaslandyrylan hökümetara ösüş maliýe guramasydyr. Gurama agza ýurtlardan agza däl ýurtlara maliýe serişdeleri gönükdirýän ýeke-täk edaradyr.