OPEC döredildi

1960-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Yrak, Eýran, Kuweýt, Saud Arabystany we Wenesuela Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasyny (OPEC) esaslandyrýar.Nebit karteliniň häzirki wagtda 13 agzasy bolup, global nebit önümçiliginiň üçden bir bölegine golaýyny çykarýar. Ýokarda agzalan bäş ýurtdan başga Alžir, Angola, Kongo, Ekwatorial Gwineýa, Gabon, Nigeriýa, BAE we Liwiýa hem guramanyň agzasydyr. Şeýle hem 2016-njy ýylda OPEC+ ýurtlary döredildi.

Bu ýurtlar gurama agza bolman, guramanyň nebit önümçiliginiň mukdary bilen baglanyşykly kararlaryny meýletin ýerine ýetirýärler.OPEC+ ýurtlary: Azerbaýjan, Bahreýn, Bruneý, Gazagystan, Malaýziýa, Meksika, Oman, Russiýa, Sudan, Günorta Sudan.

Mundan başga-da Ekwador, Indoneziýa we Katar ozal agza bolup, soň agzalykdan çykdylar. Merkezi edarasy Wenada ýerleşýän gurama Kanada, Müsür, Norwegiýa we Oman synçy döwletler hökmünde gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

OPEC+ önümçiligini artdyrýar
OPEK+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny azaldar
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
EKKAS Gabonyň agzalygyny togtatdy
OPEC+ ýurtlarynyň birnäçesi nebit önümçiligini azaldýar
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär