Onýedinjiniň yssy tomsy… (üsti ýetirilen)

Aşgabatda türkmen tomsy başlandy, termometriň sütünjigi +40°C-a çenli galýar we ýaşaýjylar Aziadanyň barha golaýlaýndygyny doly möçberinde duýup başlaýarlar.

Paýtagtyň häkimiýetleri oýunlara taýýarlygyň barşynda hakykatda baglaryň ählisini diýen ýaly çapdylar we Aşagabadyň mikroraýonlarynyň howlularyna beton düşäp çykdylar.Indi ol ýerlerde aşagynda günden saýalar ýaly kölegeli agaçlar ýok, derrew gyzýn betondan bolsa gün ýaşandan soňam howur göterilýär.

Eger-de ozallar goňşular agşamlaryna tapçanlarda ýa-da baglaryň saýasyndaky skameýkalarda ýygnanyşan bolsalar, indi howlular boşap galdy.Sebäbi indi baglaram ýok, skameýkalaram, olary näme üçindir söküp, alyp gitdiler.

Emma bu-da iň erbedi däl, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň gerimli sport çäresi bilen bagly başga-da görmeli görgüleri bar eken. Ýerli häkimiýetler “protokol’ köçesi” diýilýän köçeleriň boýunda ýeleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň kondisionerlerini sökmegi buýurdylar. Aziadanyň myhmanlary split-sistemalaryň daşardaky bloklaryny görmeli däl, şäher häkimliginiň ýolbaşçylarynyň ynanjyna görä, olar köp gaytly jaýlaryň daşky gözelligini bozýar.

Başda kondisionerleri jaýlaryň iç tarapyna geçirmäge rugsat berdiler, ýagny olar köçe tarapdan görünmese bolýar diýdiler.Köpler şeýle hem etdiler, emma soň muny hem gadagan etdiler.häzir split-sistemalar balkonlarda oturdylýar, ýagny hiç hili görünmez ýaly edilýär.

Kimde beýle mümkinçilik bolmasa, sowadyjylary jaýlaryň girelgesinde oturdýarlar.Her gezek kondisioner oturdylanda, 250-300 manat (resmi kursda $71-85 ýa-da “gara bazar” kursunda $40-50) töleg tölemeli bolýar.

Internetde köplenç Türkmenistanda hatda awtobus duralgalarynda kondisionerleriň oturdylandygy barada begençli habarlar peýda bolýar.Mermer gurşalan saýlama jaýlaryň gurulmadyk adaty etraplarynda beýle duralgalar ýok.Awtobuslar hem klimat-kontrol sistemalary bilen abzallaşdyrylmadyk.

Tomsuna, hususan-da işe gidilýän we işden gaýdylýan sagatlarda adamdan hyryn-dykyn jemgyýetçilik transportynda syýahat etmek örän kyn.

Ozal habar berilmegine görä, häkimiýetler Aziýa oýunlary üçin täze awtobuslar tapgyryny satyn aldylar we olarda sowadyjy sistemalary hem nazarda tutulan. Emma olar awtoparklarda durlar we gatnawa diňe Aziada başlanandan soň çykarylar. Görnüşinden, täze tehnikany wagtyndan öň hapalamak ýa döwmek islemeýärler.

Ýurduň ilatynyň öňünde ýene tomsuň +45°C we ondan hem yssy howaly üç aýu dur.

Mundanam başga, türkmenistanlylar “görünmeýän” kondisionerleri işledenleri üçin elektrik hakyny hem tölemeli bolarlar.

* * *

Goşmaça. Anyklanan maglumatlara görä, täze awtobuslarda hem klimat-kontrol sistemasy nazarda tutulamndyr. Kondisionerler diňe ýöriteleşdirilen, Aziadanyň sportsmenlerini we resmi myhmanlaryny gatnatmaly az sanly awtobusda bar.

Makala “Türkmenistanyň Hronikasynyň” okyjylarynyň biziň meýl adresimize turkmen.initiative@gmail.com. gelýän habarlary esasynda taýýarlandy. redaksiýa maglumat we fotosurat iberen okyjylaryna minnetdarlyk bildirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda taýyn Zerewşan tikinçilik sehi satuwa çykaryldy
Aşgabatda täze awtoulag ötüginiň açylyşyna nähili taýýarlyk görüldi. Içerden syn.
Aşgabatda sowadyjylary we split-sistemalry zor bilen sökmegiň täze tapgyry başlandy
Uzak aralyga gatnaýan awtobuslaryň 'gaty utandyrýan' kemçiligi bar
“Gazanylan üstünlikleriň” sanawy. Okyjydan
Kondisionerlerden çykýan howurdan ýaňa jaýlara pyýada çykyp-düşer “ýaly däl”