Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky köptaraply gatnaşyklary, şol sanda medeni aragatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmäge rugsat ediň.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyny “Fontankadaky” sirk sungatynyň I halkara festiwalyna gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga ibermek baradaky çözgüdiňiz munuň ýene bir gezek aýdyň subutnamasy boldy.Türkmen jigitleriniň Çinizelli sirkiniň taryhy manežinde eden ajaýyp çykyşlary ýokary derejeli emin agzalarynda bolşy ýaly, Russiýanyň medeni paýtagtynyň tomaşaçylarynda hem uly täsir galdyrdy hem-de festiwalyň bezegine öwrüldi.

Artistleriň mynasyp bolan “Altyn Gaetano” baýragy olaryň gazanan abraýly serpaýydyr hem-de kämil ussatlygynyň ykrar edilmegidir.

Türkmen artistleriniň şeýle abraýly medeni çärelere gatnaşmagynyň dünýäde sirk sungatyny mundan beýläk-de wagyz etmäge, Russiýa bilen Türkmenistanyň halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatlamak bilen,

Dmitriý Iwanow,

Russiýanyň döwlet sirk kompaniýasynyň baş direktory

Ýene degişli makalalar

ABU-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşýarlar
25.06.2018 | Medeniýet hepdeligi - 2018
Medeniýet hepdeligi - 2018
10.07.2018 | Türkmen gimnastikaçysy Aziýanyň ýaňy festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy
Türkmen gimnastikaçysy Aziýanyň ýaňy festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy
02.09.2018 | Türkmen atçylygy — dünýä metbugatynyň sahypasynda
Türkmen atçylygy — dünýä metbugatynyň sahypasynda