
Wideomaslahat aragatnaşygy arkaly Türkmendenizderýaýollary Agentliginiň we Ак барс Gämigurluşyk korporaisýasy PJ-nyň (Russiýa Federasiýasy) ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy.
Duşuşykda taraplar özara gatnaşyklaryň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen ugurdaş hünärmenleriniň hünärini ýokarlandyrmak meselelerine, şeýle hem Balkan gämigurluşyk we gami abatlaýyş zawody APJ-nyň binýadynda gämileriň dürli görnüşlerini gurmak hem-de abatlamak boýunça taslamalara aýratyn üns berildi.
2020-nji ýylyň noýabrynda Zelenodolskiniň A.M.Gorkiý adyndaky zawodynda gurlan А145Е kysymly ýokary tizlikli ýolagçy teplohodynyň Türkmenbaşy portuna ugradylandygyny ýatladýarys. Ol türkmen tarapynyň tabşyrygy bilen Zelenodolskide gurlan ýokary tizlikli ikinji gämi boldy.