Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi

Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi

Şu ýylyň 2-nji we 12-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň 50-den gowrak etniki özbek ýaş raýatlary goňşy Özbegistana geçirilmedi. Bu barada habar beren birnäçe çeşmäniň sözlerine görä, olar "Daşoguz-Şabat" we "Farap-Alat" serhet geçelgelerinden geçmekçi bolanda serhetçiler tarapyndan ýurtdan çykarylmandyr.

"Türkmen ýaşlary Horezm we Buhara welaýatlarynyň, şeýle hem Garagalpagystan Respublikasynyň ÝOJ-larynyň 1-nji kursuna we taýýarlaýyş bölümlerine okuwa barýardy" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Ýagdaýdan habarly çeşmeleriň Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşip, beren maglumatyna görä, türkmen migrasiýa we serhet gulluklarynyň işgärleri etniki özbek ýaşlaryny goňşy ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň Türkmenistanyň bilim ministrliginiň "rugsat berýän daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynyň sanawynda" ýokdygy bilen düşündirip, ýaşlary serhetden geçirmekden ýüz öwüripdirler.

Özbegistanyň ýokary okuw jaýlaryna 1-nji kursa ýa-da taýýarlaýyş bölümlerine okuwa kabul edilen türkmen raýatlary türkmen serhetçilerine we migrasiýa işgärlerine okuwyny dolulygyna öz hasabyna töleýändiklerini we döwlet tarapyndan rugsat berilýän resmi bank üsti bilen tölegleri geçirmäge isleg bildirmeýändiklerini aýtmak bilen serhetden geçmek üçin ähli zerur bolan dürli resminamalary, güwänamalary, kepilnamalary görkezseler-de, serhetden geçirilmändir.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwarynda tassyklanan sanawa girizilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almak isleýänlere okuw üçin töleglerini resmi kurs boýunça walýuta çalyşygy esasynda tölemäge rugsat berilýär. Emma resmi dokumentde sanawda bolmadyk ÝOJ-larynda okamaga resmi gadagançylyk barada hiç zat aýdylmaýar.

Buharanyň ýokary okuw jaýynyň birinji kursuna okuwa giren studentiň ejesi türkmen migrasiýa gullugynyň işgärleri kanuny gödek bozýarlar diýip, hasap edýär we iş ýüzünde etniki özbekler üçin Türkmenistanda bilim almagyň kyndygyndan, indi bolsa Özbegistana gidip okamaga hem mümkinçiligiň galmanlygyndan nägile bolýar.

"Türkmenistanyň häkimiýetleri her gezek özbek dilindäki bilime nobat gelende, 'hana, Özbegistana gidip okaň' diýýärdiler, indi gidip okamak hem ýatyryldy" diýip, ene öz çagasynyň ýokary bilim almak hukugyny goramak üçin Türkmenistanyň prezidentine çenli arz etjekdigini aýdýar.

Özbegistana we Garagalpagystana okuwa gidip bilmedik birnäçe daşoguzly student hem söhbetdeşlikde öz nägileligini bildirip, Türkmenistanda özleriniň adam mertebesine hormat görmeýändiklerini aýdýarlar.

Türkmen-özbek serhedinden geçmekdäki kynçylyklar bilen Türkmenistanyň ähli raýaty milletine garamazdan ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýar. Awgustyň ikinji ýarymynda türkmenistanlylaryň ençemesi iki tarapyň hem serhetinden geçirilmän, birnäçe günläp türkmen-özbek serhet geçelgeleriniň arasynda galypdy.

Şeýle-de bolsa, soňky günlerde serhetden geçip bilmedikler türkmen serhetçileriniň etniki özbekleri geçirmezligine bir tarapdan etniki azlyklaryň medeni, gumanitar we adam hukuklaryna degişli mesele hökmünde garaýarlar.

"Muňa ne Aşgabat, ne-de Daşkent bu mesele diňe Türkmenistanyň öz içerki meselesi diýmäge hukuk tarapdan haky ýokdur. Öň ýurt içinde ene dilinde okamakdan mahrum edilen etniki özbekler, indi Özbegistana gidip okamakdan hem mahrum edilýär. Meniň pikirimçe, halkara guramalary we resmi Daşkent bu meselä üns bermeli" diýip, serhetden geçirilmedik studentleriň ýagdaýyndan habarly çeşme aýdýar.

Türkmenistanda milli azlyklaryň ýagdaýyna syn edýän aşgabatly synçy etniki özbek studentleriniň Özbegistana okuwa goýberilmezligi türkmen hökümetiniň resmi çykyşlaryna ters gelýär diýip hasap edýär.

"Türkmen-özbek serhedindäki soňky ýagdaýlar geçen ýyl DIM-iň wekili Wepa Hajyýewiň halkara tribunasyndan 'milli azlyklar öz ene dillerinde bilim almak üçin şol dilleri döwlet dili bolan ýurtlara gidip, arkaýyn okap bilýärler, etniki özbekler Özbegistana gidip, özbek dilinde okap bilýärler' diýip aýdan sözlerine hem ters gelýär" diýip, aşgabatly synçy belledi.

Türkmen-özbek serhedi soňky ýylda türkmenistanlylaryň diňe bir Özbegistana däl-de, eýsem başga ýurtlara aşmagy üçin meşhur ugura öwrüldi. Türkmen raýatlary goňşy ýurda diňe bir söwda we okuw barman, şeýle-de bu ýoldan Orsýete, Türkiýä we beýleki ýurtlara uçmak üçin peýdalanýar.

Türkmenistanyň raýatlarynyň goňşy ýurtlar bilen guryýer serhetlerinden geçmekdäki kynçylyklarynyň agyrlaşmagy ýurduň aeroportlarynda türkmen raýatlarynyň köpçülikleýin uçardan düşürilýän ýagdaýlarynyň köpelen döwüne gabat gelýär.

Türkmen hökümeti raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagynyň öňünde döredilýän bökdençlikleriň sebäbini resmi derejede düşündirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galýar
Türkmenistandan “beýik göçüşlik”. Adamlar garyplykdan we gadaganlykdan gaçýarlar. Özbegistan barlag nokadyny ýapdy
Häkimiýetler çekirtge çozuşlaryna garşy taýýarlyk görýär
Häkimiýetler çekirtge çozuşlaryna garşy taýýarlyk görýär
Özbegistanyň ÝOJ-larynda türkmen dili hünärleri boýunça 60 kwota bölünip berildi
'Demirýol derdi' bejerilmeýär, ilat Azatlyk arkaly sesini eşitdirmäge çalyşýar