On ýaşly oglanjyk ejesiniň awtoulagyny alyp gaçyp, 300 kilometr menzil geçdi

On ýaşly oglanjyk ejesiniň awtoulagyny alyp gaçyp, 300 kilometr menzil geçdi

ABŞ-da on ýaşly oglanjyk we onuň on bir ýaşly uýasy ejesiniň ulagyny ogurlap gaçdy diýip, New York Post neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Olar gije awtoulaga münüp gidipdirler we 320 kilometr aralygy geçmäge ýetişipdirler. Polisiýa awtoulagyň alnyp gaçylandygy barada habary alandan kän wagt geçmänkä, ony Florida ştatynyň Alaçua şäherinde tapypdyr. Olar ulagy saklapdyrlar.

Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri saklanan ulagdan ellerini galdyryp çykan çagalary görüp haýran galypdyrlar. Sebäbi olar dereksiz ýiten hasaplanýan eken.

Ejeleri çagalaryna garşy aýyplama bildirmekden ýüz öwrüp, olary polisiýa bölüminden almak üçin üç sagat ýol geçip gelipdir.

Ýene degişli makalalar

2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Floridada 5,5 milliondan gowrak adama harasat sebäpli göçmek maslahat berildi
Wanganyň 2025-nji ýyl boýunça çaklamasy belli edildi
Sony, Universal we Warner emeli aň ulgamyndaky startaplaryň üstünden kazyýete arz etdi
NY Post: Tramp kazyýet çykdajylary sebäpli uçaryny satdy
ABŞ-da Muhammet Alynyň öýi satuwa çykaryldy