Beýik Britaniýadan bolan 12 ýaşly mekdep okuwçysy özüniň IQ derejesiniň Albert Eýnşteýniňkiden hem ýokarydygyny bildi, munuň üçin ol Mensa test barlagyndan geçdi. Bu onuň üçin iň oňat Täze ýyl sowgady boldy diýip, MIR24 habar berýär.
12 ýaşly Barnabi Suinbern intellektiň test synagynda 162 utuk gazandy, bu 18 ýaşdan kiçiler üçin mümkin bolan iň aňrybaş utukdyr. Bu hatda utugy 160-a deň hasap edilýän meşhur alym Eýnşteýniňkiden hem ýokarydyr.
Netijede Suinbern ähli döwürleriň iň beýik fiziginden hem saýlanmagy başardy.
Mekdep okuwçysynyň ejesi onuň matematikany we himiýany halaýandygyny aýdýar.
Barnabiniň geljekki maksatlary uly, ol programmaçy bolmak isleýär hem-de munuň üçin Oksford uniwersitetine okuwa girmegi meýilleşdirýär.