Omarkulyýewleriň maşgalasyna kakalarynyň mazaryna daş goýmagy gadagan etdiler

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ozal habar berşi ýaly, 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen türkmen student-aktiwisti Ömruzagyň kakasy Şirinbaý Omarkulyýew 49 ýaşynda maýyň ortasynda aradan çykdy.

Ömruzak Türkiýede okaýardy we şol ýerde ildeş studentleriniň raýdaşlyk jemgyýetini döretdi. Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary fewralda Omarkulyýewi parlament saýlawlaryna synçy hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Migrasiýa gullugy 2018-nji ýylyň martynda studenti sebäbini düşündirmezden Türkmenistandan Türkiýä goýbermekden ýüz öwürdi.

“Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, ýaş ýigit 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri 1-nji iýulda Omarkulyýewleriň maşgalasyna merhumyň başujynda mazar daşyny goýmaga rugsat berilmeýändigini habar berdi.

Merhumyň aýaly Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda mekdep mugallymy bolup işleýär. 26-njy iýunda ony oba geňeşligine çagyryp, adamsynyň mazaryna adyny we doglan hem ýogalan senesini görkezýän daş goýmazlygy tutanýerlilik bilen maslahat berdiler.

Haçanda ol bu maslahatdan ýüz öwrende, olar öç almak haýbatyny atyp başladylar we “gyzlary barada oýlanmagy” maslahat berdiler (maşgalada üç çaga bir ogul we iki gyz bar).

Mazar daşy, ýeriň çökzüşmegi we soň daşyň gyşarmazlygy üçin, adam jaýlanandan ýarym ýyl soň goýulýar. Şoňa çenli ýönekeý ýazgy goýulýar we, neşiriň maglumatyna görä, merhumyň yzynda galan aýaly bilen gürleşen adamlar oňa şol belligi goýmagy hem gadagan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen türmelerinde dereksiz ýiten hasaplanýan Ömrüzak Umarkulyýewiň şübheli wideosy peýda boldy
Ömruzak Omarkulyýewiň 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen student aktiwistiň kakasy aradan çykdy
Türkmenistanly ýaş aktiwist Ömruzagyň kakasy oglunyň tussag edilmeginden soň ýogaldy
Ömruzak Omarkulyýewiň dereksiz ýitirim edilenine üç ýyl bolsa-da, ondan habar ýok
Ýylyň jemleri 2024: Türkmenistan transmilli repressiýada "öňe saýlanan" ýurtlaryň biri boldy
Türkmenistan transmilli repressiýada ilkinji bäşlige girdi