4-nji dekabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Oman Soltanlygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Saif Bin Raşid Bin Saif Al-Jahwariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy we bu wezipä bellenilmegi bilen bagly gutlaglar üçin sagbolsun aýtdy.Soňra diplomatlar türkmen-oman gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berýändigi bellenildi.Mundan başga-da, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy.Taraplar syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda daşary syýasat edaralarynyň derejesinde özara saparlary guramagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Türkmenistanyň we Omanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatlaryny nazara almak bilen, halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde birek-biregi goldamagyň möhümdigi barada aýdyldy.Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.
Taraplar nebit-gaz pudagynda, oba hojalygynda we dokma senagatynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ÖzbegistanTürkmenistan EýranOman halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi.Diplomatlar bilelikdäki işewürler forumlaryny, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek barada pikir alyşdylar.
Iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ähmiýeti nygtaldy.Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, diplomatlar özara Medeniýet günlerini, sergileri we beýleki çäreleri geçirmegiň möhümdigini bellediler. /* custom css */ .td_uid_15_675197f994ee7_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_675197f994ee7_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }