Oliweira möwsümi jemledi

Moto GP boýunça möwsümiň jemleýji, 14-nji ýaryşy Portugaliýanyň Portimao şäherindäki Halkara Algarwe trassasynda geçirildi.Bäsleşige “Red Bull KTM Tech 3” toparynyň portugaliýaly sürüjisi Miguel Oliweira ilkinji hatardan başlady.

Ol 25 aýlawy 41 minut 48,163 sekuntda tamamlap, şu möwsümdäki 2-nji ýeňşini gazandy.Pellehana ýeňijiden 3,193 sekunt soň gelen “Pramac Racing” toparynyň britan sürüjisi Jek Miller 2-nji, “Petronas Yamaha” toparynyň italýan sürüjisi Franko Morbidelli 3-nji ýeri eýeledi.

Şeýlelikde, 13-nji tapgyrda çempionlygyny yglan eden Suzuki Ecstar toparynyň ispaniýaly sürüjisi Žoan Mir 171 utuk toplady. 3 bäsleşikde ýeňiş gazanan italiýaly Franko Morbidelli 158 utuk bilen 2-nji ýeri eýeledi. 139 utuk toplan ispaniýaly Aleks Rins (“Suzuki Ecstar”) 3-nji orna mynasyp boldy. 135 utuk jemlän italiýaly Andrea Dowizioso (“Ducati”) bilen ispaniýaly Pol Espargaro (“Red Bull KTM”) 4-5-nji orunlary paýlaşdylar.

The post Oliweira möwsümi jemledi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Miriň ilkinji ýeňşi
Žuan Mir Moto GP-niň täze çempiony
Täze çempion
Aragonda Morbidelli ýeňiş gazandy
Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi
3-nji ýaryşynda ilkinji ýeňşi