Olimpiýa şäherçesinde şweýsar kompaniýasyndan satyn alnan otlynyň ýörejek monorelsi işe girizilýär

54 gektar meýdany tutýan Olimpiýa şäherçesiniň desgalaryny birleşdirýän monorels ýoly ulanyşa taýýar diýip, Aziadanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Neşiriýň ýazmagyna görä, monorels ýolunyň uzynlygy 5,1 kilometr.Dört kabinadan durýan otlynyň içine 75 ýolagçy ýerleşýär.Otlynyň tizligi sagatda 70 km ýetirilip biler.Onuň Oýunlar wagtyndaky maksimal tizligi sagatda 46 kilimetre deň bolar.

Otly bu tizlikde 8 stansiýadan durýan marşruty 17 minutda geçer.Oýunlar wagtynda birbada üç otly işlär, olar bir sagatda 810 ýolagça çenli hyzmat edip biler.

Monorels ýolunyň gurluşygy 2012-nji ýylyň iýun aýynda başlandy, monorelsi Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy çekdi, otly Şweýsariýanyň “Intamin Swiss” kompaniýasyndan satyn alyndy.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurtly artistler Aşgabadyň Buzly köşgünde Täze ýyl konsertlerini bererler
Aşgabatda täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan konsertlerde daşary ýurt estradasynyň ýyldyzlary çykyş eder
Construction and architecture of Turkmenistan: new development trends
Dünýä çempionatlarynyň futbol toplary
99-njy kubogy
24.05.2019 | Resmi habarlar