Olimpiýa şäherçesinde Oýunlara gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary galdyryldy

13-nji we 14-nji sentýabrda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň, Türkmenistanyň we wekilleri Aşgabada gelen beýleki ýurtlaryň baýdaklary galdyryldy diýip, ТДХ döwlet habar gullugy habar berýär.

Baýdaklary galdyrmak dabarasyna Türkmenistanyň parlamentiniň agzalary, Ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçirilýän V Aziýa oýunlarynyny geçirmek boçunça Ýerine ýetiriji komitetiň wekilleri, metbugat wekilleri, Türkmenistanyň ýygyndy komandasynyň sportsmenleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar we ýurduň myhmanlary gatnaşdy.

Neşiriň ýazmagyna görä, “Özboluşly many-mazmuna beslenen sanlaryň sazlaşygy bu dabaranyň çuňňur ähmiýetini alamatlandyrdy: baýdaklary galdyrmak dabarasy 17 sagat 17 minutda hem-de 777 türgeniň gatnaşmagynda geçirildi”.

Belleýäris, düşnüksiz sebäplere görä, 7-lik sany Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow üçin örän wajyp san, ol ýaryşlarda (maşyn ýaryşynda, at çapyşykda) hemişe şu san 7-lik astynda çykyş edýär.

2017-nji ýylyň aprelinde, Ahal-teke atynyň hormatyna guralan baýramçylykda prezidente 7 at sowgat berildi.

Döwlet baştutanynyň iki uçarynda hem hasaba alyş nomerinde 7-lik bar: Boing 777, bort nomeri EZ-A777 we Boing 737, bort nomeri EZ-A007.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň prezidentiniň uçary Adlerde gondy (üsti ýetirilen)
Adatdan daşary toparyň karary: Hytaýyň goranmak ministri Türkmenistana sapar edýär, käbir raýatlaryň watana dolanmagyna rugsat beriler
Prezidentiň uçary London aeroportunda gondy
Türkmenistana Boenig-777-300ER täze ýolagçy howa gämisi getirildi
Türkmenistanyň prezidentiniň uçarlaryny radardan ýaşyrdylar
"Türkmenhowaýollarynyň" ýolagçy uçary Marynyň asmanynda 5 sagat aýlandy we Aşgabada gaýdyp geldi