Olimpiýa oýunlarynyň iň ýaş türgeni

2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlary geçiriler.Sport dünýäsiniň abraýly ýaryşynyň iň ýaş türgeni britaniýaly Skaý Braun bolup bilermikä?!Häzir ol 11 ýaşynda.

Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe ol 12 ýaşynda bolar.Ol Beýik Britaniýanyň skeýtbording toparynyň düzümine saýlandy.Sportuň bu görnüşi 2017-nji ýylda olimpiýa oýunlarynyň düzümine goşuldy we ilkinji gezek Tokiodaky olimpiýa oýunlarynda bu ugurda ýaryşlar geçiriler.Skaý Braunyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy üçin öz ugry boýunça dünýäniň iň güýçli 20 türgeniniň hataryna goşulmagy gerek.

Häzirlikçe bu ugurdaky rekord 1928-nji ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna 13 ýaşyndaka gatnaşan britaniýaly ýüzüji Marjeri Hintona degişlidir.

Ýene degişli makalalar

Olimpiadanyň ilkinji rekordy: oýunlara 12 ýaşly skeýtbordçy gatnaşar
Türkiyäniň Baş Ştabynyň başlygy NATO maslahatyna gatnaşdy
Daşary ýurt metbugatyna syn
ABŞ-ly senatorlar syýasy tussaglary boşatmaga Berdimuhamedowy çagyrýarlar
Beterbiýew Brauny ýeňip, WBC we IBF boýunça çempionlygyny gorady
2021-nji ýylyň iň gowy smartfony belli edildi