Olimpiýa oýunlary syýahatçylaryň sanyny artdyrdy

Pariž 2024 tomusky Olimpiýa oýunlary üstünlikli tamamlandy.Pariž köp ýyldan bäri dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän şäheri bolmagynda galýar.Olimpiýa oýunlary döwründe bolsa, şäheriň syýahatçylarynyň sany has-da artdy.

Oýunlaryň başlan ilkinji hepdesinde şähere baran myhmanlaryň sany 42 göterim ýokarlanypdyr.Myhmanlaryň köp bölegini amerikanlar emele getiripdir.Bu ýurtdan Pariže gelen syýahatçylaryň sany 72 göterim ýokarlanypdyr.Bu barada 11-nji awgustda Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyndan soňra ulanyjylarynyň amala aşyran söwdalaryna salgylanyp, Visa töleg ulgamy habar berýär.

Olimpiýa oýunlarynyň geçirilen beýleki şäherlerinde myhmanlaryň sany köpelipdir.Syýahatçylaryň sany Lillde 188, Sent-Etýende 150 we Marselde 48 göterim artypdyr. Ýurda gelen Visa kart ulanyjylarynyň sany hasaba alnanda, Latyn Amerikasyndan we Karib sebitinden gelenler 62 göterim, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden gelenler 57 göterim ýokarlanypdyr.

Angliýalylar 53 göterim, germaniýalylar 53 göterim artypdyr.Myhmanlaryň aglabasy restoranlarda has köp pul sowupdyrlar.Visa-nyň Ýewropa boýunça ýolbaşçysy Şarlotte Hogg soňky üç ýylda Pariž 2024-iň Guramaçylyk komiteti bilen hyzmatdaşlykda oýunlaryň geçirilýän şäherlerinde aýratyn töleg torunyň döredilip, olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän 32 we 16 paralimpiýa oýunlarynyň geçirilýän 16 desgasynda jemi 3 müň 500 söwda nokadynda galtaşyksyz tölegiň ýola goýlandygyny aýtdy.

Orazmyrat Nurmyradow,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.

Ýene degişli makalalar

Kuba Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär
Günorta Afrikada BRIKS sammiti açylýar
15 ýurt BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşine saýlandy
BMG: 45 ýurt azyk kömegine mätäçlik çekýär
Ýyldyz oýunçy Ýewropa bilen hoşlaşdy
Ýeňlişsiz topar galmady