Her 4 ýyldan bir gezek geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlary taryhda 28 gezek geçirildi. 3 Olimpiada (1916, 1940, 1944) uruş sebäpli geçirilmese-de olaryň tertip sany hasaba alyndy. 14 ýurtdan 241 türgeniň gatnaşmagy bilen başlanan Olimpiýa oýunlarynyň iň soňkusyna 2016-njy ýylda 207 ýurtdan 11238 türgen gatnaşdy.
Tomusky Olimpiada iň köp ABŞ-da geçirilip (St.Luis 1904, Los Anjeles 1932, 1984, Atlanta 1996), bu ýurt iň iri sport çäresini 4 gezek kabul etdi.Beýik Britaniýada 3 (London 1908, 1948, 2012), Gresiýada (Afiny 1896, 2004), Fransiýada (Pariž 1900, 1924), Germaniýada (Berlin 1936, Münhen 1972), Awstraliýada (Melburn 1956, Sidneý 2000) gezek guraldy. Şwesiýada (Stokgolm 1912), Belgiýada (Antwerpen 1920), Niderlandlarda (Amsterdam 1928), Finlýandiýada (Helsinki 1952), Italiýada (Rim 1960), Ýaponiýada (Tokio 1964), Meksikada (Mehiko Siti 1968), Kanadada (Monreal 1976), ozalky SSSR-de (Moskwa 1980), Koreýa Respublikasynda (Seul 1988), Ispaniýada (Barselona 1992), Hytaýda (Pekin 2008) hem-de Braziliýada (Rio de Žaneýro 2016) 1 gezek geçirildi.
Tomusky Olimpiýa oýunlary birden köp gezek London (3), Afiny (2), Pariž (2) hem-de Los Anjeles (2) şäherlerinde geçirildi.
Mundan öňki 28 Olimpiadanyň 16-sy Ýewropada, 6-sy Demirgazyk Amerikada, 3-si Aziýada, 2-si Awstraliýada, 1-i Günorta Amerikada geçirildi.