20-nji iýulda Tokioda geçirilen Halkara Olimpiýa komitetiniň 138-nji mejlisinde Olimpiýa oýunlarynyň şygary biragyzdan üýtgedildi. Dünýäniň iň iri sport baýramçylygynyň Has tiz, has ýokary, has güýçli şygary indiden beýläk Has tiz, has ýokary, has güýçli — bilelikde görnüşde ýaňlanar. Bu barada dünýäniň iri habar beriş serişdeleri tarapyndan ýaýradylan habarlarda maglumat berildi.
Olimpiýa oýunlarynyň täze şygary Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bah tarapyndan teklip edildi.HOK-nyň mejlisinde Bah oýunlaryň şygarynyň üýtgedilmegini taryhy waka hökmünde häsiýetlendirdi.Dünýäniň iri habar beriş serişdeleri HOK-nyň resmi wekili Mark Adamsyň näme sebäpden Olimpiýa oýunlarynyň şygarynyň üýtgedilendigi baradaky sözlerini getirýär. Şygaryň ideýasy sportda we adaty durmuşda gurşap alýan toparyň bolmazdan, seniň has tiz, has ýokary we has güýçli bolup bilmejekdigiňi düşündirmekde jemlenýär.
Olimpiýa gymmatlyklary diňe bir şahsy meşhurlyk gazanmakda däl, elbetde, ol hem möhüm, ýöne, goý, ol tälimçiň, maşgalaň bolsun ýa-da lukman — seni gurşap alýan toparyňda jemlenýär. Şygaryň üýtgedilmegi, eger sen tiz gitmek isleseň, ony özbaşdak amala aşyr, ýöne uzaga gitmek isleseň, bilelikde gitmek möhümdir diýen pikiri açyp görkezmek bilen baglydyr diýip, Mark Adams belledi. Ýeri gelende bellesek, Has tiz, has ýokary, has güýçli (Citius, altius, fortius) şygary häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryny esaslandyryjy Pýer de Kuberten tarapyndan teklip edilip, 1894-nji ýylda birinji Olimpiýa kongresi tarapyndan tassyklanyldy. Şygaryň awtorlygy Kuberteniň egindeşi, fransuz ruhanysy Anri Didona degişlidir.
Bu şygar 1924-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek ýaňlandy.