Olimpiýa oýunlary başlaýar: petek satyşyndan rekord goýuldy

Aýyň 26-syna sabyrsyzlyk bilen garaşylýan Pariž Olimpiýa oýunlary başlaýar. Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti eýýäm 8,7 million petegiň satylyp, 1996-njy ýylda Atlantada geçirilen oýunlardakydan has köp petegiň satylandygyny mälim etdi. Şeýlelikde bu ugurda rekord hasaba alnypdyr. Petek satuwynyň dowam edýändigi we bu görkezijiniň has hem artjakdygy mälim edildi.

Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy adatdakylar ýaly stadionda däl-de, şäheri kesip geçýän Sena derýasynda geçiriler. Hepdäniň bäşinji güni 7 müňe golaý türgen 100-e golaý ululy-kiçili gaýykda 300 müň tomaşaçynyň öňünden geçer. Dabaralar derýanyň 6 kilometrlik böleginde bolup geçer.

Düýn derýada açylyş dabarasynyň kiçiräk taýýarlygy geçirildi.

Olimpiýa oýunlaryna ýurdumyzyň türgenleri hem gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

40 ýyldan soň rekord bilen gazanylan taryhy altyn medal
Pariž 2024 Taryhdaky iň köp petek satylan Olimpiýa oýunlary boldy
Köp gatnawly howa menzilleri
Baýden bilen Tramp teleýaýlymda pikir alyşdylar
Türkmen agyr atletikaçylary Olimpiýa oýunlaryna Gruziýada taýýarlyk görýärler
“Atalantadan” “Atlanta”