Olimpiýa oýunlary az adamly bolar

Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionaty tamamlandy.Indi bolsa Ýewropa ýene bir iri sport bäsleşigine taýýarlyk görýär Olimpiýa oýunlary. Şu aýyň 26-syndan iýulyň 11-ne çenli Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek halkara sport çäresinde 11 müň türgen gatnaşyp, jemi 35 desgada 32 ugurda öz aralarynda bäsleşerler. Ýurt Olimpiýa oýunlary üçin 7,5 milliard ýewro bölüp berer.

Oýunlara tomaşa etmek üçin Pariže 1,5 million daşary ýurtlynyň barmagyna garaşylýar.

Garaşylan myhman gelmez

“Business Times” žurnaly şäheriň syýahatçylyk edarasy bolan “Paris je T’aime”-yň maglumatlaryny ýaýratdy.Maglumatlara görä, Pariže her ýylda 19,4 milliony ýurduň içinden, 24,7 milliony daşary ýurtlardan jemi 44,1 million myhman barýar.

Soňky çaklamalara görä, olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek günlerinde 11,3 million myhmana garaşylýar.Emma olaryň bary-ýogy diňe 1,5 million Fransiýanyň daşyndan barar. “Super Bowl”, Dünýä Kubogy, Olimpiýa oýunlary ýaly iri sport çärelerinde öňünde myhmanhanalarda ýer belledip goýýan amerikan “14sb” syýahatçylyk kompaniýasynyň eýesi Alan Bançard Pariždäki satuwlarynyň ozalky ýyllardakydan 80 göterim pesdigini belledi.

Onuň sözlerine görä ilkinji gezek 30 aý ozal şertnama baglaşylan myhmanhana otaglary üçin tölän pullarynda has az puly yzyna alarlar.Bançard bir ýyl ozal 400 dollar bolan myhmanhanalara bir gije üçin 100 dollar töländiklerini, emma ony satyp bilmek üçin has arzan nyrh goýandyklaryny aýdýar.

Myhmanhanalarda belledilen ýerler hem köp däl. Fransiýanyň statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, açylyş dabarasynyň geçirilýän günlerinde myhmanhana otaglary birneme doly bolar. Emma oýunlaryň geçirilýän döwründe myhmanhana otaglarynyň dolulyk derejesi geçen ýylyň iýul aýyndaky 81,4 göterimden has az bolar. Ýagny myhmanhanalar sport çäresi döwründe adatdaky has az müşderili bolar.

“AirFrance” kompaniýasy Olimpiýa oýunlaryny göz öňünde tutup, ABŞ-dan Pariže gatnawlaryny 15 göterim artdyrypdyr. Emma awiakompaniýa şu çärýekde 180 million ýewro zyýan çekipdir. Sebäbi, şäherde Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljekdigi sebäpli adam köp bolar diýen pikir bilen köp adam Pariže gitmekden saklanypdyr.

Beýleki birnäçe awiakompaniýada hem ýagdaýyň şeýleräkdigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Günorta Koreýada Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Sheraton Grand Doha myhmanhanasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirildi
Aşgabatda Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bellenildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Owganystanda Myhmanhana Guralan Hüjümde 3 Adam Ýogaldy
Hazar deňzi parahatçylyk we dostluk deňzi atly maslahat öz işini tamamlady