Olimpiýa çempiony Powetkin karýerasyny tamamlady

Olimpiýa çempiony Powetkin karýerasyny tamamlady

Meşhur rus boksçusy Aleksandr Powetkin özüniň sport karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Powetkin Bütindünýä boks geňeşiniň öňki wagtlaýyn çempiony we agyr agramda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň öňki çempiony bolup durýar. Şu ýylyň mart aýynda 41 ýaşly Powetkin iňlis Dillian Waýtdan tehniki nokaut bilen ýeňildi we WBC-niň wagtlaýyn çempionynyň guşagyny ýitirdi. Şondan soň Powetkine wekilçilik edýän promouter kompaniýasy ony sport karýerasyny tamamlamaga yrjakdyklaryny aýdypdy.

Sportçy professional ringde 36 ýeňiş gazandy we bary-ýogy üç gezek ýeňildi. Powetkin 2004-nji ýylda Olimpiýa çempiony boldy. Häzire çenli ol iki gezek Dünýä çempiony bilen ringe girdi, ýöne asgyn geldi. Ol 2013-nji ýylda ukrainaly boksçy Wladimir Kliçkodan, 2018-nji ýylda bolsa britaniýaly Entoni Joşuadan ýeňildi.

Ýene degişli makalalar

Bu gezek Powetkin ýeňildi
Ýykylan göreşden doýmaz
Joşua bilen Powetkiniň tutluşygy
Powetkin karýerasyny tamamlady
Duşuşygyň wagty mälim edildi
Powetkiniň 33 ýeňşi