Geçen ýyldan bu ýyla geçirilen sport ýaryşlarynyň iň uly çäresi bolan tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýagny Tokio 2020-niň alawy tutaşdyryldy.Fukuşima şäherinde geçirilen dabara Olimpiýa oýunlarynyň gurama komitetiniň başlygy Haşimoto Seiko: “Soňky bir ýyl çylşyrymly ýagdaýda geçen hem bolsa, Olimpiýa alawy asuda, ýöne güýçli ýanýar.
Alawyň 121 günlük gezelenjine badalga berýäris.Bu alaw ýaponlaryň hem-de dünýä ilatynyň parahatçylyk baradaky arzuwlaryny hem-de umytlaryny özünde jemleýär” diýip, çykyş etdi.Fukuşima şäherinde tutaşdyrylan alaw 10 müň ylgaýjynyň elinde 121 günläp 47 welaýatyň 859 etrabyna aýlanar.
Sakura şekilli we 1,2 kilogram agramy bolan alawyň gezelenji Olimpiýa oýunlarynyň başlanjak güni, ýagny 23-nji iýulda Milli stadionda tamamlanar.
Daşary ýurtly tomaşaçylarsyz geçiriljek Tokio 2020 tomusky Olimpiýa oýunlary 23-nji iýulda başlap, 8-nji awgustda-da tamamlanar.
The post Olimpiýa alawy tutaşdyryldy appeared first on Zaman Türkmenistan.