Olimpiadanyň taryhyndaky täsin wakalar

Parižde 33-nji gezek geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda dünýäniň dürli ýerlerinden ýüzlerçe türgen çykyş eder. Häzirkizaman Olimpiýa oýunlary 1896-njy ýyldan bäri geçirilýär. Şondan bäri olimpiýa oýunlarynda ýüzlerçe ýatda galyjy waka bolup geçdi. Şolaryň käbirini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

1928-nji ýylda Amsterdamda geçirilen Olimpiadada awstraliýaly kürekçi Henri Pýers çärýek finalda ýaryşýan wagty derýada öňüni kesip geçen ördek sürüsine garaşyp, ýol berýär. Türgen garaşandygyna garamazdan, altyn medal bilen ýurduna dolanýar.

1904-nji ýylda Sent-Luis şäherinde geçirilen oýunlarda amerikaly marafon ylgaýjysy Fred Lorz ýoluň köp bölegini maşynly geçendigi ýüze çykandan soňra oýundan çykaryldy.

“Tarzan” kinosy bilen meşhurlyk gazanan amerikan aktýory Jonni Weýsmýuller 1924-nji we 1928-nji ýyllardaky Olimpiýa oýunlarynda suwda ýüzmekde jemi bäş altyn medal gazanýar.

1900-nji ýylda uçýan nyşanyny atmak ugrundaky ýaryşda toýundan ýasalan däl-de, hakyky kepderiler ulanylýar. Ýaryşlarda jemi 300 kepderi gyrylýar.

1948-nji ýylda Londondan geçirilen Olimpiadada ýaryşlar ýaramaz howa ýagdaýy sebäpli agşam garaňky düşensoň geçirilýär. Ýaryşyň geçirilýän ýerleri maşynlaryň çyrasy bilen ýagtylandyrylýar.

2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda tebigy ýaşaýşy goramak üçin Olimpiýa seýilgähine 500 guş hem-de 150 ýarganat höwürtgesi ýerleşdirilýär.

Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek 1968-nji ýylda Olimpiýa alawyny ýakmak zenan türgene ynanylýar. Meksikaly ýeňil atletikaçy Norma Basilio Olimpiýa alawyny ýakýar.

1936-njy ýylda Berlinde geçirilen Olimpiýa oýunlary Ilkinji gezek teleýaýlymda görkezilýär.

1908-nji ýylyň Olimpiýa oýunlary Londonda aprel-oktýabr aýlary aralygynda geçirilýär. Ilkibaşda oýunlaryň Italiýanyň paýtagty Rimde geçirilmeli edilipdi. Emma iki ýyl galanda, wulkanyň atylyp, Napoli şäherine zeper ýetirmegi bilen Italiýa Olimpiýa oýunlaryny kabul edip bilmejekdigini aýdýar. Şeýlelikde Olimpiýa oýunlary ilkinji gezek Londonda geçirilýär.

Häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynyň iň gysgasy Afinyda geçirilen ilkinji Olimpiada bolýar. Gresiýanyň paýtagtynda 6-15-nji aprel aralygynda geçirilen ýaryşlar 9 gün dowam edýär, oňa 14 ýurtdan 241 türgen 9 ugurdan bäsleşýär.

Ýene degişli makalalar

Stambul howa menzili Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy
Stambul howa menzili Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili bolmagynda galýar
5-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Stambul howa menzili Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy
Lebabyň mekdeplerinde tapdyrmaýan kitaplar bazarlarda aç-açan satylýar
29.11.2018 | Binagärlik we gurluşyk — durmuş-ykdysady strategiýanyň beýany