Olimpiadanyň ilkinji rekordy: oýunlara 12 ýaşly skeýtbordçy gatnaşar

Olimpiadanyň ilkinji rekordy: oýunlara 12 ýaşly skeýtbordçy gatnaşar

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji rekordy: Beýik Britaniýanyň ýygyndysyna girýän skeýtbordçy Skaý Braun oýunlaryň taryhynda iň ýaş türgen boldy. Golaýda ol resmi ýagdaýda Beýik Britaniýanyň Olimpiýa ýygyndysynyň düzümine girdi. Bu barada МИР 24 teleýaýlymynyň sport synçysy Dmitriý Kalugin habar berdi.

Haçan-da skeýtbordçylaryň ýaryşlary başlananda, Skaýyň ýaşy 13 ýaş 11 gün bolar. Bu Beýik Britaniýa üçin rekord dereje. Entek çagadygyna garamazdan, Skaý öz türgenleşýän sport görnüşi boýunça iň ökdeleriň biri. Ol 8 ýaşynda ýaryşlarda çykyş edip başlady, häzir bolsa sanawda üçünji orny eýeleýär. Ol Olimpiada öňdebaryjylaryň esasy sanawynda gatnaşýar.

Sähel wagt mundan ozal hem Skaý Braunyň Tokio Olimpiadasyna gatnaşjakdygy uly sorag astyndady. Çünki türgenleşik wagtynda ol rampanyň çäginden çykyp, beýiklikden betondan bolan ýere ýykyldy we beýni sarsgynyny alyp, elini döwdürdi.

Ene-atasy gyzynyň sportuň beýle howply görnüşi bilen meşgullanmakdan el çekmegini gazanmaga synanyşdylar, ýöne olaryňky başa barmady.Skaý Braun bütin dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýar.Onuň eýýäm iri sport brendleri bilen düýpli ylalaşyklary bar.

Onuň bilen adybir gurjak bazara çykaryldy, sosial torlardaky abunaçylarynyň sany bolsa milliona golaýlaýar.Braunyň kakasy britaniýaly, ejesi bolsa ýapon. Şoňa görä-de, türgen gyzda haýsy ýurduň adyndan çykyş etjekdigini saýlamaga mümkinçilik boldy.

Sport bilen meşgullanmaga ähli amatly şertleriň döredilendigi üçin ol Beýik Britaniýany saýlady.Häzir hemmeler Skaý Braun hakynda gürrüň edýär, ýöne Tokio Olimpiadasynda oňa mynasyp bäsdeş hem garaşýar.Braziliýaly türgen Raýssa Leal Skaý bilen ýaşytdaş diýen ýaly. 13 ýaşly braziliýaly türgen Raýssa hem öz ýurdunda eýýäm meşhurlaryň hatarynda.

Bu tomusda bolsa ol Skaý Braun bilen bilelikde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Olimpiýa oýunlarynyň iň ýaş türgeni
Türkiyäniň Baş Ştabynyň başlygy NATO maslahatyna gatnaşdy
Rodriges UFC Fight Night ýaryşynyň esasy söweşinde Dernden üstün çykdy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Ilkinji kosmos myhmanhanasy açylar
397 ýyldan soňra şu gün gije “duşuşarlar”