Oleg Ýankowskiniň doglan güni bellendi

Oleg Ýankowskiniň doglan güni bellendi

Beýik rus aktýory Oleg Ýankowskiý 2009-njy ýylyň maýynda aradan çykdy, emma ony tomaşaçylar heniz hem ýatlaýarlar. Eger ýaşap ýörenliginde artist 80 ýaşamalydy diýip, Rambler.ru ýazýar.

Oleg Ýankowskiý 1944-nji ýylyň 23-nji fewralynda Gazagystanyň Jezkazgan diýen ýerinde doguldy. Saratowyň teatr uçilişşesini tamamlady.

Artist teatrda we kinoda birgiden ýatda galyjy keşpler döredip, russiýaly hem-de öňki Soýuzyň Respublikalarynyň tomaşaçylarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Onuň iň meşhur kino işleriniň arasynda Gylyç we galkan, Iki ýoldaş gulluk edýärdi, Meniň mähirli we näzik haýwanym, Şol Mýunhgauzen ýaly çeper we telefilmler bar.

Oleg Ýankowskiý sungatda bitiren hyzmatlary üçin birnäçe baýraklara we hormatly atlara mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň harby uçary Italýada weýran boldy
Serdar Berdimuhamedowa Sankt-Peterburgyň hormat nyşany gowşurylar
Russiýada ýaşamaga rugsady bolan Türkmen raýaty watana deportasiýa edildi
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç