Russiýanyň Roskosmos edarasynyň Halkara kosmos bekedinde işleýän kosmonatlar toparynyň ýolbaşçysy Oleg Kononenko älemde bolnan wagt boýunça dünýä rekordyny täzeledi diýip, MIR 24 ýazýar.
Kononenko bu ugurda bäş gezek kosmosa uçup, jemi 878 gije-gündiz 11 sagat 29 minut 48 sekundy geçiren russiýaly kosmonawt Gennadiý Padalkiden ozdurdy.
Kononenko häzir kosmosda bäşinji uçuşyny geçirýär, ol 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda tamamlanmaly. Şol wagta çenli onuň açyk älemde bolan döwri 1110 gije-gündize deň bolar.
Russiýanyň we Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenabat şäherinde doguldy. 1988-nji ýylda Harkowyň Žukowskiý adyndaky awiasiýa institutyny tamamlady. 1996-1998-nji ýyllarda Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkezinde türgenleşik geçdi. Ol ilkinji uçuşyny 2008-nji ýylyň aprelinde Halkara kosmos bekediniň esasy toparynyň düzüminde amala aşyrdy.