Oleg Kononenko açyk kosmosda selfi surata düşdi

Oleg Kononenko açyk kosmosda selfi surata düşdi

Asly Türkmenistandan bolan russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko Halkara kosmos bekediniň daşynda, açyk älemde işleýärkä, birnäçe selfi surata düşdi diýip, Ren.tv habar berýär.

Kononenkonyň suratlaryny Roskosmos edarasy özüniň Telegram-ýaýlymynda çap etdi. Sahypada Oleg Kononenkodan haýran galdyryjy suratlar diýlen ýazgy bar. Selfileriň birinde kosmonawtyň harby eşiginde aýaly Tatýananyň ady ýazylypdyr. Skafandryň ýüzünde Kononenko bilen açyk äleme çykan russiýaly kärdeşi Nikolaý Çubuň hem ýüzi görünýär.

Ýene degişli makalalar

Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdeligine bellendi
Kosmonawt Kononenko türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny beýan etdi
Oleg Kononenko kosmosdan Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
“Roskosmosyň” kosmonawty Oleg Kononenko hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlady
Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni mynasybetli iş kesilenleriň 1 müňden gowragynyň günäsi geçildi, 1,3 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlary açyldy we beýleki habarlar
Kononenko kosmosdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary göni ýaýlymda gutlady