21-nji martda “Olary diri görkeziň!” halkara kampaniýasy öz saýtynda täze saýlanan prezident Serdar Berdimuhamedowa Açyk hat çap etdi.
Onuň awtorlarynyň ýatlatmagyna görä, 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň türmelerinde adamlaryň mejbury ýitirim edilmegi dowam edýär we ýüzlerçe adam onuň pidasy boldylar.
Adamlary daşky dünýäden doly suratda üzňelikde saklamak Türkmenistanyň kanunçylygyny we onuň halkara borçnamalaryny gödek bozmak, şeýlede adam hukuklary nukdaý nazardan, jenaýat.
“Olary diri görkeziň!”halkara kampaniýasy türkmen türmelerinde mejbury ýitirim etme 162 wakany hasaba aldy.
“Adamlaryň tussag edilenden soňrä dereksiz ýitmegi we hukuk kömeksiz, maşgalasy bilen duşuşyga rugsat berilmän doly üzňelikde saklanmagy dowam edýär. Bu sanawdakylaryň azyndan 27-si türmelerde öldi. Emma, şol ýyllarda ýekelikde ýitirim bolanlaryň we ölenleriň hakyky sanynyň has köp bolmagy ähtimal” diýlip resminamada bellenýär.
Hatyň awtorlary sanawdaky 2017-2021-nji ýyllarda möhleti tamamlanan, emma hiç bir habar bolmadyklaryň atlaryny getirýärler.
Olar Annageldi Akmyradow, Mamur Ataýew, Esen Böriýew, Isa Garataýew, Bazar Gurbanow, Rüstem Jumaýew, Batyr Saryjaýew, Konstantin Şyhmyradow, Orazmämmet Yklymow we Öwezmyrat Ýazmyradow.
Başga-da birnäçe adamyň türme möhleti 2022-nji ýylda gutardy. Şeýlede öz möhletini 2019-njy ýylyň martynda tamamlan Gulgeldi Annanyýazow, barada hem hatda gürruň berilýär.
Emma,ol boşadylman, Türkmenistanyň çetindäki etraba sürgün edildi.Gülgeldi gaty agyr şertlerde saklanýar, saglyk meseleleri bar.
“Biz möhleti tamamlananlaryň tizden-tiz türmeden boşadylmagyny, beýleki dereksiz ýitirim edilenleriň saglyk ýagdaýlary barada maşgala agzalaryna maglumatlar berilmegini soraýarys. Ahyrynda biz Türkmenistanyň türme ulgamynda adamlaryň dereksiz ýitirim edilmegini tizden-tiz togtatmagy haýyş edýäris” diýip hatyň awtorlary belleýärler.
Adam hukuklaryny goraýjylar möhleti gutaranlaryň azatlyga goýberilip başlanmagynyň “türmelerde dereksiz ýitirim etmeler meselesiniň hakykatdanam çözülip başlanmagynyň we mejbury ýiitirim etmeleriň geçmişdäki meselä öwrülip, täze saýlanan prezidentiň täze hakykatlary döretmegine mümkinçilik boljakdygyna” ynanýarlar. The post “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy türmelerde adamlaryň dereksiz ýitirim bolmagy meselesini çözmegi Serdar Berdimuhamedowdan soraýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.