'Olary diri görkeziň!' kampaniýasy Konstantin Şyhmyradowyň 2016-njy ýylda Garabogazda bolandygy baradaky maglumaty ret edýär  

'Olary diri görkeziň!' kampaniýasy Konstantin Şyhmyradowyň 2016-njy ýylda Garabogazda bolandygy baradaky maglumaty ret edýär  

“Azatlygyň çeşmesi türkmen türmesinde ýiten Konstantin Şyhmyradowy Garabogazda gördüm diýýär” ady bilen Azatlykda çap edilen maglumat boýunça “Olary diri görkeziň!” atly halkara hukuk goraýjy kampaniýasy 2-nji martda beýanat ýaýratdy.

Bu halkara gurama öz ýaýradan beýanatynda agzalýan makaladaky maglumata “toslama” diýip, onuň “peýda bolmagyny öz bähbitleri üçin Azatlyk Radiosyny bihaýalyk bilen ulanan türkmen häkimiýetleriniň prowokasiýasy” atlandyrdy.

Ýatladyp geçsek, 28-nji fewralda (1-nji martda goşmaçalar girizilen) Azatlyk Radiosy bilen uzak wagtdan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän Türkmenistandaky çeşmämiziň 2016-njy ýylyň awgust aýynda Garabogaz şäherinde (öňki Bekdaş) Konstantin Şyhmyradowyň hut özüni görendigini, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanyp ömürlik tussag edilen Türkmenistanyň ozalky wise-premýeri Boris Şyhmyradowyň inisi Konstantin Şyhmyradowyň öz sözlerine görä onuň ol ýerde sürgünlikde ýaşaýandygyny habar beren maglumatlaryna salgylanyp makala çap edipdik.

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň ýolbaşçylaryndan, şeýle-de Demokratik ösüş we adam hukuklary merkeziniň prezidenti Ýuriý Jibladze Azatlygyň soraglaryna hat üsti bilen beren jogabynda ýene bir gezek guramanyň pozisiýasyny tassyklady we bu maglumatyň çap edilmegini Türkmenistanyň häkimiýetleriniň prowokasiýasy atlandyryp, onuň türkmen türmelerinde dereksiz ýiten syýasy tussaglar bilen baglanyşykly meseläniň ara alyp maslahatlaşylmagyny abraýdan gaçyrmaga gönükdirilen çäredigini nygtady.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-telegram {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-telegram img {

width: 60px;

}

#GR-952-telegram:hover {

outline: 2px solid #61a8de;

}

#GR-952-telegram .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-telegram span {

color: #61a8de;

}

#GR-952-telegram p {

font-size: 18px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-telegram p {

font-size: 21px;

}

#GR-952-telegram img {

width:130px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň

“Nämä esaslanyp biz muny bilkastlaýyn ters maglumatly prowokasiýa diýip hasap edýäris?Birinjilik bilen maglumatyň peýda bolan wagty; biziň beýanatymyzda bellenişi ýaly, “çeşmäniň ” siziň redaksiýaňyz bilen eden gürrüňdeşliginiň ÝHHG-nyň Wenadaky ştab-kwartirasynda geçirilen wajyp bir çäräniň edil 2-3 gün yzyýanyna gabat gelmegi tötänlik däldir. Çäräniň dowamynda biziň kampaniýamyz diplomatlara ÝHHG-nyň 2003-nji ýylda Türkmenistan boýunça kabul eden Moskwa mehanizminiň çäklerinde çap eden hasabatynyň 15 ýyllygy mynasybetli brifing gurnady.

Bu örän taryhy waka bolup, diňe bir geçen duşuşykda maslahatlaşylmady, eýsem giňden [başga duşuşyklarda-da] gozgalýar. 15 ýyl mundan ozal Türkmenistanda bolup geçen köpçülikleýin tussag edişlige we adalatsyzlyga, adam hukuklary boýunça dörän ýiti krizise gaýtawul hökmünde ÝHHG-nyň agzalýan mehanizmi işjeňleşdi.

Halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanda dowam edýän dereksiz ýitirim edilmelere garşy mundan beýläk görülmeli çäreler dogrusynda maslahata girişýän wagty, birdenem Konstantin Şyhmyradowyň hamana uzak wagtdan bäri türmede däldigi, eýsem sürgünde ýaşaýandygy, onuň asla dereksiz ýitirim bolmandygy barada şol maglumat peýda bolýar.

Muny şeýle etmek bilen türkmen hökümeti halkara jemgyýetçiligine şeýle diýjek bolýar, ýagny hiç hili ýitirim edilme barada gürrüň ýok, ol adamlaryň hiç haýsysy hiç ýere gaýyp bolmady, ýitenler barada çap edilýän sanawlar boş gürrüň we halkara jemgyýetçiligi bilen biziň edere gürrüňimiz ýok” diýip, “Olary diri görkeziň!” atly halkara hukuk goraýjy kampaniýanyň esaslandyryjylaryndan biri bolan Ýuriý Jibladze aýty.

Şeýle-de ol türkmen häkimiýetleriniň Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýip düşündirýän 2002-nji ýylyň “noýabr” wakalarynda tussag edilen adamlaryň ýowuz ykballarynyň aradan geçen şunça ýylyň dowamynda ýumşadylmazlygy Azatlygyň çeşmesiniň hakykata gabat gelmeýän maglumat berendigini görkezýär diýdi.

Şol bir wagtyň özünde, Ýuriý Jibladze Azatlyga hökümetiň resmi “Adalat” gazetiniň 31-nji ýanwarda çapdan çykan neşirinden nusgalaryň göçürmelerini hödürledi. Onda Türkmenistanyň Ýokary sudunyň binýadynda düzülen Adalat geňeşiniň maglumatlaryna ýer berilýär we ol ýerde Konstantin Şyhmyradowyň 17 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi, bu möhletiň 12 ýylynyň agyr režimli koloniýa şertlerine 5 ýylynyň bolsa türme tussaglygyna höküm çykarylandygy bellenýär.

1-nji martda Azatlykda çap edilen makalada çeşmämiz özünde bar bolan maglumatlara salgylanyp, Konstantin Şyhmyradowyň türme tussaglygyna däl-de 17 ýyllyk sürgünlige höküm edilendigini aýtdy.Soňra çeşme, Azatlygyň 28-nji fewralda eden haýyşy boýunça Şyhmyradowlaryň bir maşgala dosty bilen habarlaşdy. Çeşmäniň sözlerine görä ol hem Konstantiniň Garabogazda sürgünlikde ýaşaýandygyny tassyklapdyr.

Galyberse-de, çeşmäniň bellemegine görä, bu maşgala dosty Konstantin Şyhmyradowyň bir ýakyn dogan-garyndaşy bilen habarlaşypdyr we ol hem Konstantiniň içerki sürgünlige höküm edilendigini tassyklapdyr.

Belleýäris, çeşmäniň 2016-njy ýylda bolan duşuşyk barada Azatlyga näme sebäpden häzir aýdandygy baradaky soraga ol muňa ähmiýet bermändigini, şeýle-de Konstantin Şyhmyradowyň türkmen türmelerinde ýitenleriň sanawyna girizilenleriň hataryndadygyndan bihabar bolandygyny aýtdy.

Owadandepäniň 2-nji blogunda saklanýanlar

Şeýle-de, gürrüňi edilýän hadysa barada Azatlygyň Ýuri Jibladze bilen geçiren ikibara gürrüňdeşliginden soňra, 6-njy martda biz türkmen hökümetindäki beýleki bir çeşme bilen habarlaşdyk. Bu resmi hem Konstantin Şyhmyradowyň ýa-da 2002-nji ýylyň noýabr wakalary bilen ilteşikli tussag edilen islendik adamyň Owadandepäniň AN-T/2 jeza koloniýasyndan daşarda bolmak ähtimallygyna şübheli garaýandygyny aýtdy.

“Olaryň ählisi Owadandepäniň 2-nji blogunda saklanýar. Ýogsa-da, ol ýerde saklanýan 40-dan gowrak adamyň sany şunça ýylyň dowamynda 10-danam azaldy.Men şu wagta çenli ol ýerden biri diri çykypdyr diýip eşitmedim.

Olaryň ykbalyny diňe “iň uly” (prezident Berdimuhamedowy göz öňünde tutýar Red.) çözüp bilýär.Eger-de ony (K. Şyhmyradowy) gören bolsalar (gaýtalaýaryn, munuň şeýle bolmak ähtimallygy gaty pes) bu diýmeklik “iň ulynyň” rehimlilik tutgaýynyň tutandygyny alamatlandyrýar.

Munuň hem şeýle bolmak ähtimallygy tas nola deň” diýip, anonim şertinde çykyş eden türkmenistanly resmi nygtady.

2013-nji ýyldaky hat

Konstantin Şyhmyradowyň ýerleşýän ýeri barada ahmal bolan maglumatlaryň peýda bolmagynyň yzýany Azatlyk Boris Şyhmyradowyň ogly Baýram Şyhmyradow bilen habarlaşdy. Baýram Şyhmyradow agasynyň 2016-njy ýylyň tomsunda Garabogazda bolmak ähtimallygyny düýbünden ret edip, munuň “akyla sygmajakdygyny” aýtdy.

Baýram Şyhmyradow Garabozgazda Konstantiniň ogly Myradyň görlen bolmagynyň ahmaldygyny, onuň 12,5 ýyl koloniýada bolup, edil 2016-njy ýylda Garabogazda ýaşandygyny aýtdy. Belleýäris, Myrat Şyhmyradow 2001-nji ýylda, ýagny 2002-nji ýyldaky noýabr wakalaryndan öň başga bir jenaýat işi boýunça uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Azatlygyň Baýram Şyhmyradow bilen 1-nji martda geçiren söhbetdeşliginde ol ne özüniň ne-de özüniň maşgalasynyň 2003-nji ýylyň ýanwarynda tussaglyga höküm edilmeginden bäri Konstantin Şyhmyradowdan habar eşidendigini aýtdy. “Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň ýaýradan beýanatynda-da Konstantin Şyhmyradowyň şunça ýyllap üzňe türmede däl-de sürgünlikde saklanan bolsa, onda näme üçin onuň dogan-garyndaşlary bilen asla habarlaşmandygy barada soraglar berilýär. Şol bir wagtyň özünde Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Ýuriý Jibladze Baýram Şyhmyradowyň 2016-njy ýylda beren bir interwýusynda özlerine üç ýyl şondan ozal, ýagny 2013-nji ýylda Konstantin Şyhmyradowyň adyndan hatyň gelip gowşandygyny, hatda ol özüniň diridigini we türmededigini belländigini ýatlatdy.

“Diňe biz däl, uzak ýyllaryň dowamynda başga-da guramalar we diplomatlar bu mesele boýunça iş alyp barýarlar.Biz häkimiýetler tarapyndan aşa gorkuzylmadyk ýa-da hüjüm edilmedik maşgala agzalary bilen isle gizlinlik şertlerinde isle daşary ýurtlarda bolup aç-açan şertlerde içgin habarlaşýarys.

Biz ynam bilen aýdyp bileris, ýagny bu maglumat (K. Şyhmyradowyň ýerleşýän ýeri Garabogaz bolanda Red) adamlara mälim bolardy.Mysal üçin, Baýramyň (Şyhmyradow) ýazan makalasynda Konstantiniň (Şyhmyradow) üç ýyl mundan ozal maşgalasyna özüniň diridigini we türmededigini aýdyp hat ýollandygyny aýtdy.

Meniň bilişime görä bu maglumat şunça ýylyň dowamynda maşgala gelip gowşan ýeke-täk maglumat” diýip, Ýuri Jibladze belledi.

“Beýlekiler” diýilýänler kimler?

Şeýle-de, “Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň ýaýradan beýanatynda Azatlykda çap edilen maglumatda hamana çeşmäniň “25-nji noýabr wakalary bilen bagly uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilenleriň beýleki käbirleriniň-de türmede däldigini, “olaryň doly erkindigini”, “işleýändigini we aýlyk alýandygyny”, “kireýine alnan jaýda ýaşaýandygyny” aýdandygy bellenilýär. Azatlyk Radiosynyň redaksiýasy halkara kampaniýanyň ýaýradan şeýle bellikleriniň hakykata gabat gelmeýändigini nygtaýar.

Azatlygyň 1-nji marta çap eden habarynda çeşmäniň “Kostýa (Konstantin Şyhmyradow Red.) dagy doly erkin, ýöne olaryň Garabogazdan, Bekdaşdan çykmagy gadagan.Işleýärler, aýlyklaryny alýarlar.Türme şerti däl, özbaşlaryna kwartira-zat edinipdirler, ýagny kireýine ýaşaýarlar” diýen sözleri sitirlenýär.

Beýanaty taýýarlanlar çeşmäniň sözlerindäki “dagy” sözüni 2002-nji ýyldaky hadysa bilen bagly tussag edilen adamlara salgylanylýar diýip kabul eden bolmaly.Aslynda, Azatlygyň çeşmesiniň hem soňra aýdyňlaşdyrmagyna görä, ol “dagy” diýmek bilen “Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň dereksiz ýitenler diýýänleriniň sanawynda agzalmaýan, “noýabr hadysady” bilen ilteşiksiz, başga jenaýatlarda jogapkärçilige çekilip, Garabogazda sürgünlikde ýaşaýan beýleki adamlary göz öňünde tutandygyny mälim etdi.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-news-app {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-news-app img {

display: none;

}

#GR-952-news-app:hover {

outline:2px solid #EA6903;

}

#GR-952-news-app .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-news-app span {

color: #EA6903;

}

#GR-952-news-app p {

font-size: 16px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 480px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 18px;

}

#GR-952-news-app img {

display: block;

width: 72px;

}

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 20px;

}

#GR-952-news-app img {

width: 152px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň

Belleýäris, çeşme Azatlygyň redaksiýasyndan öz adynyň aýdylmazlygyny soramady, emma biz käbir sebäplerden onuň adyny agzamazlyk kararyna geldik.

Şeýle-de kampaniýanyň beýanatynda çeşmäniň Konstani Şyhmyradowyň 14 ýyl mundan ozal kakasynyň ýasyna, 10 ýyl ozal ejesiniň ýasyna gatnaşmagy barada aýdan belliklerine fakt taýdan nätakyklyk hökmünde çemeleşilýär.Hakykatdan-da, Boris we Konstantin Şyhmyradowlaryň kakasy Oraz Şyhmyradow 2002-nji ýylda, ýagny Konstantiniň tussag edilmeginden iki ýyl ozal aradan çykýar.

Soňky geçiren söhbetdeşligimizde Azatlygyň çeşmesi mundan habarlydygyny, Oraz Şyhmyradow bilen özüniň dostlukly gatnaşyk saklandygyny aýtdy. Çeşme Konstantin Şyhmyradow bilen 1 ýarym ýyl mundan ozal bolan söhbetdeşligiň mazmuny barada gürrüň edýändigini aýtdy. Şeýle-de maşgalanyň ejesi Mariýa Şyhmyradowanyň 2009-njy ýylda 97 ýaşyň içinde aradan çykandygyny bellemek gerek.

Azatlygyň çeşmesi 1-nji martda beren gürrüňinde özüniň 2016-njy ýylyň awgust aýynda Garabogazda hut Konstantin Şyhmyradowyň bilen duşuşandygyny, onuň bilen birnäçe sagat gürrüň edendigini ýene-de bir gezek nygtady.

Dereksiz ýitenleriň sanawy ýyl-ýyldan artýar

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň häkimiýetleri şu wagta çenli 15 ýyl gowrak mundan öň tussag edilen onlarça raýatyň saklanylýan ýerleri we ykballary barada maglumat bermeýär, halkara guramalary olary zorlukly ýitirim edilmegiň pidalary hasaplaýar.

Çeşmäniň Konstatin Şyhmyradowyň azatlykda gezip ýörendigi baradaky gürrüňi ÝHHG-nyň Türkmenistan boýunça Moskwa mehanizminiň işe girizilmeginiň 15 ýyllygyna, şeýle-de 50-den gowrak halkara guramasynyň türkmen türmelerinde zorlukly ýitirim edilmeleriň bes edilmegi üçin gyssagly halkara çäreleriniň görülmek zerurlygy barada eden bilelikdäki ýüzlenmesine gabat geldi.

“Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň 23-nji fewralda täzelenen sanawynda Konstantin Şyhmyradowyň ady Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýitenleriň arasynda getirilýär. Sanawda, hukuk goraýjylaryň sözlerine görä, zorlukly ýitirim edilenleriň 113-siniň ady getirilýär, olaryň hakyky sanynyň iki esse kän bolmagy-da mümkin.

2016-njy ýyldan soňky döwürde zorlukly ýitirim edilmeleriň pidalarynyň sanawyndaky adamlaryň birnäçesiniň ykbaly belli boldy, olaryň jesetleri garyndaşlaryna jaýlamak üçin berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen prezidenti diri, onuň tussaglary hakynda näme aýdyp bolar?
Azatlygyň çeşmesi türkmen türmesinde ýitenleriň birini Bekdaşda görendigini aýdýar
Balkanda ýene ýangyç gytçylygy emele geldi
Balkanyň 10-a golaý obasynda iri şahly mallar köpçülikleýin haram ölýär
Maryda ownuk mal gymmatlady
Lebap welaýatynyň dört etrabynda iri şahly mallar gyrylýar