Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň hökümetini adamlary zor bilen ýitirim etmek tejribesinden el çekmäge we ähli syýasy tussaglar barada maglumatlaryň üstüni açmaga çagyrdy.
ABŞ-yň ÝHHG-däki ilçisiniň 31-nji awgustda eden beýanatynda, ABŞ-yň Türkmenistanyň hökümetinden adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegini bes etmek, syýasy tussaglar barada maglumatyň üstüni açmak we ýitirim edilenleriň sanawynda ady görkezilen adamlaryň ykbaly hem ýerleşýän ýeri barada hossarlaryna maglumat bermek çagyryşy bilen çykyş edýän “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasyna we beýleki toparlara goşulýandygyny mälim etdi.
“Olary diri görkeziň!” atly hallara kampaniýasynyň zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni mynasybetli 30-njy awgustda çap eden maglumatynda, Türkmenistanda zor bilen ýitirim etmeleriň soňuna çykmak üçin halkara jemgyýetçiliginiň gyssagly ädimleri ätmeginiň zerurdygy nygtalýar.
Maglumatda 15 ýyl mundan öň Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleriň birinji uly tolkunynda, ýagny 2002-nji ýylyň bahar we tomus aýlarynda esasan milli howpsuzlyk we goranmak ministrliklerinden bolan birnäçe hökümet resmisiniň 10 we 20 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilendigi, ýurt resmileriniň bu tutha-tutlugynyň ozalky repressiýalardan tapawutlanandygy, sebäbi tussag edilenleriň ykbalynyň düýpden nämälim galandygy aýdylýar.
“Olary diri görkeziň!” atly kampaniýanyň maglumatynda tussag edilensoň dereksiz ýiten güýç edaralaryň resmileriniň sanawynda Allamyrat Allagulyýewiň, Gurban Annadurdyýewiň, Gurbandurdy Begenjowyň, Haýyt Kakaýewiň, Seýitbaý Gandymowyň, Kerimguly Ýoldaşowyň, Hudaýguly Halykowyň, Baýramguly Hudaýgulyýewiň, Muhammet Nazarowyň, Batyr Saryjaýewiň, Annamyrat Soltanowyň we Tirkiş Tyrmyýewyň ady görkezilýär.
Kampaniýa şol döwürden başlap şu günki güne çenli Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýiten diýlip hasaplanylýanlaryň umumy sanawynyň ýüzden gowrak adamy öz içine alýandygyny habar berýär.
Adam hukuklaryny goraýjy birnäçe halkara guramasyny öz içine alýan “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýa öz maglumatynda, zor bilen ýitirim edilmeleriň Graždan we syýasy hukuklar baradaky halkara kanunyna, BMG-niň Gynamalara garşy konwensiýasyna, Türkmenistanyň öz milli kanunlaryna, şol sanda Jenaýat kodeksine ters gelýändigine ünsi çekýär.
Maglumatda, hususan-da, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň öňki başlygy Muhammet Nazarowyň sud dokumentleriniň düýpden elýeterli däldigi we onuň tussaglyk möhleti barada anyk maglumatyň ýokdugy aýdylýar. Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň öňki baştutany Tirkiş Tyrmyýewiň tussaglyk möhleti 2012-nji ýylda dolandan soň, goşmaça ýedi ýyllyk uzaldylyp, onuň 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda türmede aradan çykandygynyň mälim bolandygy bellenýär.
Türkmen türmelerinde dereksiz ýitenleriň ykbaly barada maglumat toplap, 2013-nji ýyldan bäri bu meselä halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip gelýän “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýanyň düzen sanawynda, uly topary 2002-nji ýylyň noýabr aýynda Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşykda aýyplanyp tussag edilenler emele getirýärler. Olaryň köpüsiniň ykbaly düýpden nämälim galýar.
Bu tutha-tutluklar bilen baglylykda ÝHHG öz agza döwletlerine adam hukuklarynyň depelenmegi boýunça derňew geçirilmegine ýol açýan Moskwa mehanizmini girizdi. Türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilmeler meselesi 2003-2004-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýalarynda, 2006-njy ýylda BMG-niň Baş sekretarynyň çykyşynda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň meseleleri gozgaldy.
2014-nji ýylda BMG-niň adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowy zor bilen ýitirm edilmeleriň pidasy diýip ykrar etdi we türkmen hökümeti onuň ykbaly we ýerleşýän ýeri barada maglumatyň üstüni açmaga borçly diýip karar etdi.
Türkmenistan bu karara boýun bolmady.
ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisiniň 31-nji awgustda eden beýanatynda, Türkmenistanda tussag edilensoň ykbaly nämälim galýanlaryň işi boýunça açyk-aýdyň derňewleriň geçirilmeginiň öňündäki päsgelçilikleri aradan aýyrmak we jogapkärleri jogapkärçilige çekmek çagyryşy edilýär.