"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar

"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar

Ukrainada barýan urşuň, çäklendirmeleriň berkleşmeginiň we Russiýada gelmişeklere ýigrenjiň çuňlaşmagynyň netijesinde, Merkezi Aziýadan bolan zähmet migrantlarynyň ençemesi Türkiýäni nazara alýarlar.Bu ýurt öň hem wiza düzgünleriniň sadalygy sebäpli sebitiň zähmet migrantlaryny özüne çekipdi.

Emma aýdylyşyna görä, Türkiýede soňky iki ýylda zähmet migrantlary agyr kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başladylar: olara garşy has ýygy-ýygydan barlag hüjümleri guralýar, sürgün edilýärler we mejbury zähmet köpelýär.

Biziň sebitimiz özbeklerden "arassalandy"

Stambulyň Ýewropa bölegindäki Lälelide adamlar, esasan, söwdanyň hasabyna ýaşaýarlar. Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan söwdagärler tekstil we deri önümleri üçin, bu ýere gelýärler. Şoňa görä-de, Lälelide her dükanda diýen ýaly, Merkezi Aziýadan bolanlar bar.

Olaryň arasynda Özbegistanyň Samarkant şäherinden bolan 30 ýaşly Dilnoza aýal-gyzlaryň egin-eşik dükanlarynyň birinde işleýär. Ol üç ýyl mundan ozal Türkiýä gelipdi.

Ýanýoldaşym ikimiz jaý satyn aldyk. Pulumyz ýetmän, karz aldyk. Men ýanýoldaşyma bergilerini çalt tölemäge kömek etmek üçin, işlemegi ýüregime düwdüm. Özbegistanda köp pul gazanyp bolmaýar. Bu ýerde aýda 800 dollara golaý alýaryn. Elbetde, şeýle puly öz ýurdumda gazansam gowy bolardy diýip, Dilnoza gürrüň berýär.

Onuň adamsy Anwar soňky bäş ýyldan bäri söwda kireýinde: Özbegistandan iýmit, çilim, elektron enjamlary Stambula getirýär, yzyna bolsa derman, egin-eşik hem altyn alyp gidýär.

Samarkantda bularyň iki kiçi çagasy galdy. Bir ýyl ozal olaryň Stambulda hem ýene bir çagasy dünýä indi.

Çagalardan daşda bolmak örän kyn. Men olar bilen her gün birnäçe gezek Whatsapp’da gürleşýän. Olar aglap: "Eje, öýe haçan geljek?" diýip, soraýarlar. Men: "Garaşy, indi az galdy” diýýärin.

Men her ýyl iş rugsadymy arkaýyn täzeleýärdim.Emma migrasiýa edarasy geçen ýyldan daşary ýurtlularyň köpüsini kabul etmän başlady. Üç-dört aý mundan ozal köpçülikleýin barlaglar bolup geçdi.Adamlary toparlaýyn sakladylar.

Men her gün gorky bilen işe gidýärin.Polisiýanyň eline düşmezlik üçin, öz gatnaýan ýolum bar.Zerurlyk bolmasa köçä çykman oňýan.Saklananlaryň arasynda köp sanly özbek bardy, olaryň barysyny awtobusa salyp alyp gitdiler.

Bir söz bilen aýdylanda, biziň sebitimiz özbeklerden "arassalandy" diýýär.

Türkiýede bikanun migrantlary anyklamak üçin gurnalýan hüjümler 2023-nji ýylyň maý aýyndaky prezident saýlawlaryndan soň başlandy, ol şondan bäri dowam edýär. Soňky 6 aýyň dowamynda, Stambulda her gün barlaglar geçirilýär. Polisiýanyň günde onlarça adamy tussag edýändigini ýerli metbugat habar berýär. Olaryň köpüsini yzyna sürgün edýärler. Barlag hüjümleri barada, Türkiýe anyk maglumat çap etmeýär.

Ýylyň başynda iň täsirli waka ýüze çykdy. Ýanwar aýynda Stambulda 39 ýaşly Dilnoza Umarowa saklanyp, yzyna sürgün edildi. 41 ýaşly Mawludahon Ulmasowa Özbegistanda "Jynsy taýdan ulanmak maksady bilen adam söwdasynda" şübhelenip gözlege girizildi.

Mundan biraz öň, Çanakkale şäherinde, 40 ýaşly özbegistanly Nilufar Mirhanowa saklandy. Ol "Madam Klod", "Jelepleriň patyşasy" we "Azgynlygyň baronessasy" ýaly atlar bilenem tanalýardy. Ol adam ogurlygynda, adam söwdasynda we mejbury jynsy hyzmaty guramakda şübhelenip, halkara gözleg sanawynda durýardy.

Bar bolan maglumata görä, Mirhanowa Russiýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan we Özbegistandan köp sanly aýallaryň Türkiýä bikanun girmegine ýardam edipdir. Soňra olar jynsy gatnaşyklar ulgamynda işlemäge mejbur bolupdyrlar.

Türk mediasy jelephanalar ulgamyndan Mirhanowanyň aýda 40 müň dollara çenli gazanç edendigini ýazdy. Oňa 8 ýyldan 12 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilmegi mümkin diýilýär. Häzirki wagtda Özbegistanda onuň işiň derňewi barada resmi maglumat ýok.

Eger Türkmenistan serhedi açsa, ýurtda hiç kim galmaz

Hususan-da, iki ýurduň uly taryhy-medeni umumylygyna esaslanýan aýratyn gatnaşyklarynyň bardygy üçin, soňky 15-20 ýylyň dowamynda, Türkiýe Türkmenistandan bolan zähmet migrantlarynyň esasy barýan ýurduna öwrüldi.

Ýurtda uly möçberli ykdysady krizisiň dowam etmegi we Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyndan närazylyk: soňky ýyllarda migrantlaryň Türkiýä akymyny köpçülikleýin artdyrdy.

Türkmenistanly Alişer Sahatow Çärjew şäheriniň ýaşaýjysy (häzir ol şäher Türkmenabat Red.), Stambulda ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň arasynda, aktiwist hökmünde tanalýar.Ol sosial ulgamlarda Türkiýedäki ildeşleriniň problemalaryny beýan edýär hem-de bu ýurtdaky türkmen diplomatlaryny we Türkmenistandaky höküm sürýän režimi tankytlaýar.

Alişer aýaly we üç çagasy bilen 2018-nji ýylda Türkiýä gelipdir.Aktiwist öz ýurdundaky "çydamsyz ýagdaý" sebäpli şeýle çärä mejbur bolandygyny aýdýar.

Men Çärjewde zibilleri aýyrmakda, soňra ýük daşamakda işledim. Ýöne meni "öz islegim bilen" işden çykardylar, sebäbi men “gaty köp" talap edipdirin.Mysal üçin, bize prezident gelende, kommunal gullugyň ähli işgärleri 26-30 sagat ukusyz işlemäge mejbur bolýarlar.

Işden kowmak haýbaty bilen olary hiç ýere goýbermeýärler.Eger prezident käbir şäherde 2-3 gün galsa, ýekeje kommunal işgäri hem ýatmaýar.Men närazylyk bildirip, hukuklarymy goramaga, goşmaça iş sagatlaryna tölegi talap edenimde, olar meni yzarlap başladylar hem türmä basmak islediler.

Mydama basyş.Men gitmegi ýüregime düwdüm, sebäbi çydar ýaly bolmady.Ilatyň aglaba bölegi hem şeýle pikirde.Eger Türkmenistan serhedi açsa, ýurtda hiç kim galmaz, şäherler, obalar boşap galar diýip, Alişer Sahatow aýdýar.

Aşgabat dürli ýollar bilen köpçülikleýin emigrasiýany togtatjak bolýar. 2022-nji ýylyň sentýabrynda, Türkmenistan 2007-nji ýyldan bäri güýje giren türkmenler üçin wizasyz režimiň ýatyrylmagyny Ankaradan sorady.

Bu çäre adamlar üçin agyr kynçylyk döretdi. Türkiýäniň migrasiýa boýunça sebitleýin müdirlikleri möhleti geçen pasporty bolan Türkmenistanyň graždanlarynyň ýaşamaga rugsatnamasynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürdiler. Wizasyz düzgün ýatyrylandan soň, Türkmenistanyň graždanlary diňe öz ýurduna baryp, ony täzeläp bilýär, emma soňra olara Türkiýä dolanmaga mümkinçilik doly gutarýar diýen ýaly.

Alişer Sahatow Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsullygynyň raýatlara beýleki esasy dokumentleri, şol sanda nikadan geçmek, ýaňy doglan çagalara dokument almak ýaly zerur bolan dokumentleri hem bermekden ýüz öwürýändigini aýdýar.

2022-nji ýylda türkmen aktiwistleriniň bir topary Türkmenistanyň Baş konsullygynyň binasyna gelip, prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň problemalaryny çözmekde kömek sorap ýazan hatyny gowşurmak islediler. Emma onuň aýtmagyna görä, bu hereket gaty agyr gutarypdyr.

Biz bilen ýüzleşmäge konsul Merdan Mustakow çykdy. Ol eline örülen kastet alyp, golaýda türkiýeli adam hukuklary boýunça aktiwistleriň, aklawçylaryň, çagaly aýal aktiwistleriň bardygyna garamazdan, bizi şol kastet bilen urmaga başlady. Çagalary zordan basgydan çykardyk. Şol wakadan soň, Türkmenistanyň konsullygy şäheriň merkezinden, Stambulyň etegine göçdi diýip, Alişer Sahatow gürrüň berýär.

Türkmenistan dünýäde hiç bir döwletiň etmeýän işini etdi, öz raýatlarynyň başga ýurda gitmegine çäklendirme girizilmegini sorady diýip, adam hukuklary boýunça aklawçy we ABŞ-nyň Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Stiw Swerdlow Azatlyga aýdýar.

Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we konsullygy pasportlary we beýleki biometrik resminamalary täzelemekden ýüz öwürýär.Bu bolsa bütin dünýäde giňden ulanylýan düzgünleri bozýar.Konsullyk öz raýatlaryna başga ýurduň territoriýasynda kanun taýdan ýaşamaga mümkinçilik berýän zerur resminamalary bermek maksady bilen döredilýär.

Swerdlowyň aýtmagyna görä, Türkiýedäki türkmen raýatlary örän kyn ýagdaýda galýarlar.

Men ýakynda barlag sapary bilen Stambulda boldum. Meniň bilen duşuşan türkmen migrantlary iş ýüzünde kanuny däl ýagdaýda ýaşaýandyklaryny aýtdylar. Olaryň gözünde gorky-howsala gördüm. Käbirleri şeýle ýagdaýda 14-15 ýyl dokumentsiz ýaşaýarlar. Olar dokumentlerini täzeläp bilmeýändikleri we şu sebäpli iň möhüm hereketlerden mahrumdygy üçin, islendik wagt sürgün edilmeginden gorkýarlar. Olar Türkiýäniň ähli ýerinde daňylgy ýagdaýda diýip, Swerdlow aýdýar.

Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň maglumatyna görä, ýurtda 200 müňe golaý türkmenistanly kanuny ýagdaýda ýaşaýar. Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň we garaşsyz çeşmeleriň maglumatlaryna görä, olaryň jemi sany bir milliona ýetip biler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda Türkiýedäki diplomatik missiýanyň wekilleri migrantlaryň kynçylyklary barada düşündiriş bermeýärler we statistiki maglumaty çap etmeýärler. Ýurduň resmi mediasy migrantlaryň kynçylyklaryny beýan etmeýär.

Bu gyzlaryň polisiýa ýüz tutmajagyny bilýärler

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň aglaba köplügini aýallar düzýär. Olar, esasan, çaga seretmek ýa-da garrylara hyzmat işlerini edýärler.

Ýerli ýaşaýjylaryň arasynda şeýle iş kyn görülýär hem az hak tölenýän hasaplanýar. Türkmen migrantlary bu hyzmaty begenip edýärler, sebäbi öz ýurtlarynda şeýle puluň hatda ýarysyny hem gazanyp bilmeýärler, bu ýerde her aýda 700 dollar çemesi gazanýarlar.

Beýleki tarapdan, bu işde fiziki we jynsy zorlukdan ejir çekmegiň mümkindigini hem aýallar aýdýarlar. Olaryň bikanun ýagdaýy günäkäriň jezasy üçin göreşmäge mümkinçilik bermeýär.

Maral Stambulda ýaşaýan türkmenistanly migrant. Onuň sözlerine görä, türkmen aýallary statusy sebäpli, köplenç dürli howplara duçar bolýarlar.

Iş berýänler köp adamyň dokumentler bilen bagly kynçylyklarynyň bardygyny bilýärler. Şonuň üçin olar bulara azar berip, gödek daraşýar. Eger-de olar bir zady nädogry aýtsalar ýa-da nädogry jogap berseler, hakyny tölemän kowýarlar, sebäbi olar bu gyzlaryň polisiýa ýüz tutmajagyny bilýärler diýip, Maral gürrüň berýär.

Golaýda onuň jorasy bilen şeýle ýagdaý ýüze çykypdyr, ol bir garry adama seredýän eken.

Ol 60 ýaşynda. Bir sapar ol bu adamyň özi bilen ýakyn gatnaşyk isleýändigine düşünip, muňa gaşy bolupdyr. Birnäçe wagtdan soň ol adam öýünden käbir zatlaryň ýitendigini aýdyp, polisiýa çagyrypdyr. Meniň joramy tussag edip, deportasiýa merkezine iberdiler diýip, Maral aýdýar.

Maral öz jorasynyň hiç zat ogurlamandygyna we ýakyn gatnaşykda bolmakdan boýun gaçyrandygy üçin, töhmete batandygyna ynanýar.

Ol mydama aglaýar, emma özüniň günäsizdigini subut edip bilmeýär, sebäbi bikanun işledi diýip, Maral düşündirýär.

33 ýaşly Mahabat hem türkmen migranty. Iki aý mundan ozal ol Stambuldaky aýallaryň sürgün merkezine düşüpdir, emma aklawçynyň kömegi bilen çykmagy başarypdyr.

Mahabatyň aýtmagyna görä, Türkmenistandan gelen aýallaryň ýitirim edilmegi Türkiýede hem has ýygy duş gelýär.

Köp ýagdaýlar bar. Dogan-garyndaşlar polisiýa baranda, olara: “Ýiten aýallar bikanun ýurda gelen adamlar. Olaryň ýaşamaga rugsatnamasy ýok, dokumentleri ýok, olary biz nireden gözläris, nädip taparys?” diýýärler. Bir türkmen aýaly maňa gös-göni ýüz tutdy, onuň bu ýerde gyz jigisi ýitipdir. Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler. Olaryň ölendigi ýa-da bir zat bolandygy belli däl diýip, Mahabat aýdýar.

Stiw Swerdlow türkmenistanly migrant aýallaryň Türkiýede aýratyn agyr ýagdaýa düşýändigini tassyklaýar.

Men türkmen migrantlary bilen gürrüňdeş bolanymda, türkmen aýallarynyň zorlanmak bilen bagly ýagdaýlaryny bildim.Gynansak-da, olar Türkiýäniň kanun goraýjy edaralaryndan kömek sorap bilmeýärler.Sebäbi möhleti geçen pasporty bolany üçin, olaryň ýurduna sürgün edilmegi mümkin, ol ýerde bolsa ýagdaý mundanam erbet.

Elbetde, Türkiýede adam hukuklaryny goraýjy käbir guramalar bar, olar ýuridiki we beýleki kömekleri bermäge synanyşýarlar.Emma bu ýeterlikli däl.Biz, adam hukuklaryny goraýjylar, Türkiýäni öz borçnamalaryny ýerine ýetirmäge we türkmen migrantlarynyň kanun taýdan resmileşdirilip, graždansyz bolmazlygyna şert döretmäge çagyrýarys.

Elbetde, olary gynamalaryň ýa-da başga ýowuz daraşmagyň garaşýan ýurduna bermeli däl diýip, Stiw Swerdlow nygtaýar.

Täjiklere terrorçy diýlende, maňa ýakmaýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkiýe Russiýadan soň, Täjigistandan bolan zähmet migrasiýasynyň ikinji köp barýan ýurdy hasaplanýar. Ýöne şu ýylyň başyndan, ýagdaý düýpgöter üýtgedi.

2024-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Stambuldaky Mukaddes Merýem katolik kilisesine iki sany ýaragly adam ot açdy. Netijede, 52 ýaşly türk raýaty ýogaldy. Ýurduň häkimiýetleri “Yslam döwleti” terror guramasy bilen bagly iki daşary ýurtlyny ýaragly hüjümde aýypladylar. Soňra olaryň biriniň Täjigistanyň raýatydygy ýüze çykdy.

Ondan iki aý soň Moskwanyň etegindäki "Krokus" konsert zalynda terrorçylykly hüjüm guraldy. Onda azyndan 145 adam ýogaldy (şol sanda 6 çaga), ýene-de 551 adam ýaralandy. Hüjümde Täjigistanyň ondan gowrak raýaty aýyplandy.

Türkiýede şol hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan "Yslam döwleti" toparynyň jeňçilerine garşy hüjüm guraldy. “Hürriýet” gazetiniň beren maglumatyna görä, tussag edilenleriň arasynda Täjigistandan biriniň bardygy aýan edilipdir, ol Türkiýede hüjüme taýýarlanýan eken.

Galyberse-de, “Krokusda” bolan terrorçylykly hüjümde şübhelenýän Täjigistanyň iki raýaty hüjümden biraz öň Türkiýede bolup, pajygaly wakadan birnäçe gün öň, Moskwa dolanandygy ýüze çykdy.

Bu wakalardan soň, Ankara ozal 90 güne çenli ýurtda galyp biljek täjiklere garşy wiza düzgünini girizdi. Şondan bäri wiza düzgüni girizilmezden öň Türkiýede bolan täjiklere-de, öz ýurduna gidip, Türkiýede kanuny taýdan galmak üçin, wiza almak zerurlygy girizildi.

Täjigistanyň Zähmet ministrliginiň maglumatyna görä, Türkiýede ikiden bäş müň aralygyndaky täjik bar.

Kajumars 22 ýaşynda. Ol Täjigistanyň demirgazygyndaky Hojant şäherinden. Ýaş ýigit Stambulyň syýahatçylyk böleginiň kafeleriniň birinde işleýär. Ol Türkiýä gelmezinden öň Russiýada işländigini, ýöne ksenofobik hereketiň ösüşi sebäpli gaýtmagy ýüregine düwendigini aýdýar. Onuň sözüne görä, Stambulda we Orsýetde gurnalan hüjümler bilen bagly Türkiýede hem täjik migrantlaryna çydamsyzlyk artdy.

Täjiklere terrorçy diýlende, maňa ýakmaýar. Ýakynda men et dükanyna bardym. Satyjy: "Seniň milletiň kim?" diýdi. Men oňa täjikdigimi aýtdym. Satyjy bolsa: "Täjigistanlylaryň arasynda terrorçylar köp" diýdi. Bu maňa gaty agyr degdi. Et satyn alman çykdym. Birnäçe adamyň eden jenaýaty sebäpli tutuş halkyň horluk çekmeli däldigine ynanýaryn diýýär.

Türkiýede täjik raýatlaryna wiza düzgüniniň girizilmegi birnäçe kynçylyklara getirdi diýip, bilermenler hasap edýär.

Türkiýede erkin hereket etmek mümkinçiligi bolmansoň, täjik migrantlarynyň köpüsi kyn ýagdaýa düşdi.Başga ýoly bolmadyk migrantlar Türkiýede bikanun galýarlar, bu bolsa saklanmak we sürgün edilmek howpuny artdyrýar.Kanuny bolmadyk status esasy sosial we saglygy goraýyş hyzmatlaryna mümkinçiligiň bolmazlygyny hem aňladýar, bu olaryň ýagdaýyny örän agyrlaşdyrýar.

Wizasyz düzgüniň ýatyrylmagy käbir ýagdaýlarda kemsidilmäniň artmagyna getirdi diýip, täjik migrasiýasy boýunça ekspert Şuhrat Latifow aýdýar.

Adam hukuklary boýunça aklawçy we Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Stiw Swerdlowyň belläp geçişi ýaly, käbir Merkezi Aziýa respublikalarynyň raýatlaryna wiza düzgünini girizmek bilen Türkiýe adamlary has ejiz hem aşa radikal pozisiýalara iterýär.

Täjikler hem türkmenler Merkezi Aziýadan bolan beýleki migrantlara garanyňda, häzirki wagtda Türkiýede wiza düzgüniniň girizilmegi sebäpli örän uly we agyr kynçylyklary başdan geçirýärler.Wiza düzgüniniň girizilmegi olary öz ýurtlaryna dolanmaga mejbur edýär.

Ol ýerde diňe bir sosial-ykdysady ýagdaýlar bilen bagly kynçylyklar däl, eýsem repressiw syýasat hem bar.Türkiýe özüni diňe bir döwletleriň däl, eýsem Merkezi Aziýanyň doganlyk halklarynyň hem beýik dosty diýip yglan edýär. Şoňa görä-de, ol her gün türk ykdysadyýetine maýa getirýän adamlaryň hukuklaryny goramaly.

Olar bazarlary, restoranlary ýuwup arassalaýarlar, kiçi biznesleri açýarlar.Bu bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň örän möhüm bölegi bolup durýar. Şoňa görä-de, türkmenleriň, täjikleriň hem özbekleriň hukuklaryň goragy boýunça has ulgamlaýyn iş alnyp barylmagyna wagty ýetdi diýip pikir edýärin diýip, Stiw Swerdlow aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Saparmyrat Atabaýew Duşenbe şäherinde geçirilen sebitleýin küşt ýaryşynda ilkinji üçlüge girdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
01.10.2017 | Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Aşgabatda gepleşikleri geçirerler
22.11.2017 | Türkmenistanyň we Russiýanyň işewürleri topary netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga geldiler
Aşgabatda türkmen-russiýa ykdysady maslahaty geçirildi