“Olar içeri giräyse siz diri galmarsyňyz”

“Olar içeri giräyse siz diri galmarsyňyz”

Respublikaçylaryň dalaşgäri Donald Tramp ABŞ-da geçiriljek saýlawda Demokratlaryň dalaşgäri Kamala Harris üstün çykan halatynda amerikaly ýehudilere we Ysraýyla uly howp abanjakdygyny öňe sürdi.

Penşenbe güni Las Wegasdaky Wenesiýa şypahanasynda Respublikaçy ýehudi ýaranlygynyň (RJC) ýyllyk maslahatyna wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşyp, çykyş eden Tramp, ýehudi saýlawçylaryny özüni goldamaga çagyrdy.

Tramp Demokrat bäsdeşini göz öňünde tutup; “Olar içeri giräyse siz diri galmarsyňyz” diydi.

Tramp, Harrisi Ysraýyla abanýan howp hökmünde görkezdi we özüni bolsa goragçy hökmünde yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

Harris we Tramp Prezidentlik Debatynda duşuşdy
Kamala Harris Prezidentlige Saýlanan Halatynda Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder
ABŞ, Ysraýyla Goldaw Bermäge Dowam Eder
Ýewraziýa Döwletleriniň Gün Tertbindaki Wakalar
Ursula fon der Lýaýen, “Forbes”-iň täsirli zenanlarynyň sanawynda birinji orunda durýar
Kamala Harrisiň mitingi protest edildi