Olaf Şols Germaniýanyň täze kansleri boldy

Olaf Şols Germaniýanyň täze kansleri boldy

Olaf Şols Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täze kansleri boldy. Ol bu wezipä bundestagyň mejlisiniň dowamynda saýlandy diýip, Reýter agentligi habar berýär.

Şols bu wezipede Germaniýanyň Hökümetine soňky 16 ýyl ýolbaşçylyk eden Angela Merkeli çalşyrar. Şols öz peýdasyna 395 ses aldy, oňa garşy 303 ses berildi. Bundestagyň ýolbaşçysy Berbel Bas, düzgüne laýyklykda, sosial-demokratlaryň wekili bolan Şolsdan ses berlişigiň netijesi bilen ylalaşýandygyny sorady. Şols tassyklap jogap berdi. Kadadan çykma hökmünde Bas deputatlara surata düşürmek üçin mobil telefonlary ulanmaga rugsat berdi.

Şols täze wezipesinde kasam kabul etdi.Aşgabat wagty bilen 19:00-da Angela Merkelden wezipe borçlaryny geçirmek dabarasy bolar.Germaniýanyň täze Ministrler Kabinetine Sosial-demokratik partiýasy, ýaşyllar we Erkin demokratik partiýa girer.

Hökümetiň birinji mejlisi şu agşamyň dowamynda geçiriler.Täze Hökümetde DIM-niň ýolbaşçysy Annalena Berbok bolar, ykdysadyýet we klimat işleri boýunça edaranyň ýolbaşçysy, şeýle hem wise-kansler — Robert Habek bolar.

Maliýe ministri Kristian Lindner, Goranmak ministri Kristina Lambreht bolar.

Ýene degişli makalalar

Şols öňki kanslerden maslahat soraýandygyny gürrüň berdi
Angela Merkeliň iň köp satylan kitaby
Sosial-demokratlar partiýasy Bundestaga saýlawlarda üstün çykdy
Angela Merkeli kansler wezipesinden ugratmak dabarasy geçirildi
Baýden Putin Bilen Duşuşygyndan Ozal Günbatarly Liderler Bilen Maslahat Geçirdi
Forbes ýylyň iň abraýly zenanyny yglan etdi