Germaniýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Şteffen Hebestraýt tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Germaniýanyň federal kansleri Olaf Şolsyň ABŞ-nyň 47-nji prezidenti hökmünde saýlanan Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygy we saýlawda gazanan üstünligi mynasybetli ýene-de bir gezek gutlandygy habar berildi.
Iki lider telefon söhbetdeşliginde Germaniýa-ABŞ gatnaşyklary we bar bolan häzirki geosyýasy kynçylyklar barada pikir alyşdylar.
Germaniýanyň federal kansleri Olaf Şols Trampa Germaniýanyň hökümetiniň ABŞ bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmek baradaky islegini ýetirendigi mälim edildi.
Şolsyň we Trampyň Ýewropada parahatçylygyň täzeden dikeldilmegi üçin bilelikde işlemek barada ylalaşandyklary bellenildi.