Ministrler Kabinetiniň 22-nji oktiýabrda geçen mejlisinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çarymyrat Amanow goranmak ministrliginiň “Milli goşun”, IIM-niň “Asudalygyň goragynda”, Döwlet serhet gullugynyň “Serhet abat-döwlet abat”gazýetleriniň elektron görnüşe geçişi barada hasabat berdi.
Bu babatda TDH döwlet täzelikler gullugy habar berýär.
Prezident Berdimuhammedowyň bellemegine görä, “gazýetleriň sanly görnüşe geçmegi täze maksatly okyjylary—mobil we häzirki zaman enjamlary”ulanyjylary çekmäge mümkinçilik berer.
“Elektron görnüşe” geçilmeginiň saýtlaryň, jurnallaryň we gazýetleriň mobil goşmaçasynyň döredilmegini ýa-da olaryň pdf görnüşiniň çap edilmegini aňladýandygy takyklanmaýar.
Prezident harby we hukuk goraýjy edaralarynyň internet saýtlarynda “harby doktrinalaryň mazmunyny we manysyny açyp görkezýän,türkmen halkynyň söweş sungatynyň taryhy bilen tanyşdyrýan materiallary çap etmeli, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesi, ýol hereket düzgünleri we ýangyn howpsuzlygy barada gürrüň bermeli”.
2020-nji ýylyň martynda Berdimuhamedow sanly KHS geçmegi tizleşdirmegi buýrupdy.
Prezidentiň sözlerine görä, sanly ulgama geçmegiň esasy sebäbi dünýäde COVID-19–iň ýaýramagy bolup durýar.
Ol gazýet-jurnallaryň elektron görnüşine geçmeginiň tertibini düzmek we olardan peýdalanmagyň töleginiň mukdaryny kesgitlemek barada görkezme beripdi.Bu işleri 2020-nji ýylyň oktiýabrynda tamamlamak tabşyrylypdy.The post Okyjylaryň ünsüni güýç edaralarynyň gazýetlerine çekmek üçin olary “elektron görnüşe” geçirerler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.