Okyjy: Türkmenistan döwleti 99 ýaşady

Okyjy: Türkmenistan döwleti 99 ýaşady

27-nji oktýabrda Türkmenistan Respublikasynyň döredilenine 99 ýyl doldy. Emma türkmen režiminiň hiç bir resmisi bu güni baýram hökmünde bellemeýär. Tas bir asyr mundan ozal Türkmenistanyň döwlet bolmagy üçin hereket eden milli intelligensiýa wekilleri, taryhy şahslar bolan we stalinçiligiň pidasyna öwrülen Nedirbaý Aýtakow, Gaýgysyz Atabaýew ýaly şahsyýetler umuman dile getirilmeýär.

Ozalky prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylda "taryhy atlary dikeltmek" ady bilen başlan "denyýazowlaşdyrma", ýagny birinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň we onuň maşgala agzalarynyň atlaryny we şahsyýet kultunyň nyşanlaryny şäherleriň, obalaryň, ilatly ýerleriň atlaryndan aýyrmak kampaniýasy resmi taýdan "taryhy atlary dikeltmek we taryhy şahsyýetlere hormat goýmak" diýip atlandyrylsa-da, iş ýüzünde Türkmenistanda häli-şindi hem Türkmenistanyň Respublika bolmagy ugrunda bir asyr öň amala aşyrylan işler, ýeňişler we ýalňyşlyklar, bu wakakalara ol ýa-da beýleki görnüşde gatnaşan adamlaryň atlary dile getirilmeýär.

Taryhy we syýasy jähtden, elbetde, Türkmenistanyň döwlet hökmünde ykrar edilmegi- bu türkmen halkynyň köp asyrlyk döwletlilik arzuwynyň miwesidir. Emma şol bir wagtyň özünde Türkmenistan SSSR-iň düzüminde respublika hökmünde döredilende birnäçe nogsanlyklara ýol berildi.

Mysal üçin, Staliniň milli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň territoriýasynda galan on müňlerçe etniki özbegiň, ýüzlerçe täjigiň we arabyň milleti mejbury ýagdaýda resmi dokumentlerde türkmen diýlip ýazyldy.Bu ýagdaý hakynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Çärjew (şol sanda ozalky Farap we Kaganowiç), Dänew (şol sanda ozalky Moskowsk-Boýnyuzyn)", Hojambaz, Darganata etraplarynda, şeýle-de Türkmenabat şäherinde ýaşaýan, taryhy içgin öwrenen adamlar, ýaşuly nesliň wekilleri gürrüň berýärler.

Elbetde, sowet häkimiýetiniň arhiwleriniň bu günki günde hem açylmazlygy bu gürrüňleriň taryhy dokumentler we faktlar bilen deňeşdirilmegine ýol bermeýär.

Bolşewikleriň gelmegi bilen goňşy Owganystana gaçmaga mejbur bolan müňlerçe türkmen maşgalasynyň ykbaly hakynda, stalinçiligiň pidalary bolan türkmen intelligentleri hakynda hem bu günki türkmen metbugaty ýa resmileri hiç hili habar bermeýär.

Tersine, bu günki gün hem şol taryhy ýol hakynda dymylýar we onuň deregine Saparmyrat Nyýazow döwründe başlanan şahsyýet kulty syýasaty has hem giňden ýaýbaňlanýar. Nyýazow döwründe onuň özi, ejesi, kakasy, doganlary, atasy döwlet propagandasynyň baş nyşanlary bolan bolsa, häzirki wagtda Berdimuhamedowlaryň maşgala kulty has hem berkedi.

Meselem, Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň ady Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky mekdebe dakyldy, ol Beýik Watançylyk urşy diýilýän 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň baş gahrymany edildi.

Onuň kakasy Mälikguly Berdimuhammedowyň ady harby bölümlere dakylyp, onuň adyna döwlet sylagy döredildi. Ol Türkmenistanyň içeri işleriniň we umuman güýç organlarynyň simwolyna öwrüldi. G.Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa milletiň enesi hökmünde taryp edilýär.

Öňki prezidentiň özüniň Aşgabadyň merkezinde altyn heýkeli, ýurt boýunça adyny göterýän metjit, gazna, köçeler, aýratyn täze şäher, žurnal, gazet, TW ýaýlym döredildi.

G.Berdimuhamedowyň ogly Serdar hem 1,5 ýyl wezipä girip-girmän Gahryman adyny aldy. Häzirki wagtda bolsa Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýaly, agtyklary hem döwlet propagandasynda öwran-öwran wasp edilýär. Bu işleriň bary Türkmenistanyň örän gözgyny we üzňelik ýagdaýynda durandygyny görkezýär.

Şeýle-de, gyzykly bir ýagdaý, 2023-nji ýylyň güýzünde Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany ady dakyldy we onuň şahsyýet kulty ýaýbaňlanyp başlady.Bu çäreler maňa takyk 30 ýyl mundan ozalky ýagdaýy ýatlatdy. Ýadyňyzda bolsa, hut mundan 30 ýyl öň, 1993-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi Saparmyrat Nyýazowa "Türkmenbaşy" adyny dakdy, şeýle-de şol wagt Krasnowodsk şäherine Türkmenbaşy ady dakyldy we netijede Nyýazowyň şahsyýet kulty köpçülikleýin görnüşde ösüp başlady.

Azatlyk radiosy okyjynyň hatyny üýtgetmän, biraz gysgaldyp çap etdi we onuň pikirleri AÝ/AR-nyň ol ýa-da beýleki meseledäki pozsiýasy bilen gabat gelmän biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Türkmenistanda 'unudylýan' döwlet terrorynyň başlananyna 80 ýyl boldy
Türkmenistanda unudylýan’ döwlet terrorynyň başlananyna 80 ýyl boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Bir kemsiz asfaltlanan köçeler, ýaldyrap duran jaýlar, azyk bolçulygy’ prezidentiň ata-baba dokduk etraby Gökdepe
Berdimuhamedowyň petigi. Propaganda antipropaganda öwrülende (Şahsy pikir)