Okuwa kömekçi: hem planşet, hem kompýuter

Tehnologiýanyň ösmegi bir enjam arkaly has köp işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi.Mysal üçin, sagat diňe wagty görkezmeýär.Bir asyrdan gowrak ozal peýda bolan telefonlarda häzirki wagtda telewizor hem görüp bolýar.

Ony kompas hökmünde-de ulanmak mümkin.Geçen asyryň ortalarynda peýda bolan wagty kompýuterler uly otaga sygýardy.Häzirki wagtdaky kompýuterleri bolsa, ýanyňa alyp gidibermeli. 2000-nji ýyllarda ýaýrap başlan komýuterleriň has kiçi görnüşi bolan planşetler bolsa häzirki wagtda ýankompýuter hökmünde ulanmak üçin amatly ýagdaýa geldi. Şahsy kompýuter, ýan kompýuter, noutbuk, ultrabuk, netbuk ýaly ululygy we funksiýalary babatda bir-birinden tapawutlanýan kompýuterleriň has amatlysy haýsyka?

Haýsysyny näme maksat bilen ulanyp bolýar?Bu sowallara jogap tapmak üçin ilki bilen näme maksat bilen alýandygyňyzy bilmeli.Bu makalada kompýuter hökmünde ulanmaga amatly bolan planşetleriň käbirini tanyşdyrmagy makul bildik.

Planşetleriň bu görnüşleri 360 dereje arkanlygyna eplenip bilýändigi we sensorly ekrany sebäpli planşet hökmünde hem ulanyp bolýar. Şeýlelikde sapaklaryňa taýýarlananda ýankompýuter hökmünde ulanyp bolýan enjamy sapaklar gutarandan soňra, filme tomaşa etmek üçin hem peýdalanyp bolýar.

“Lenovo Yoga C940”: Koreý brendiniň “Yoga” seriýasynyň iň täze we güýçli agzalarynyň biri bolan enjam dürli zerurlyklara jogap berýär. 4K durulygyndaky 14 dýuýmlyk sensorly ekrany bu babatda müşderileriň göwnünden turýar.

Kiçi kompýuteriň gapdalynda galam hem bar.Bu galam esasan jedwel we dizaýn bilen işleşýänler üçin uly ýeňillik döredýär. “Intel i7-1065G7” mikroprosessory oturdylan kompýuteriň 16 GB RAM-y we 512 GB içki ýady bar.

Kompýuteriň beýleki tehniki enjamlaşdyrylyşy hem ýokary ülňülere gabat gelýär.

“HP Spectre x360”: amerikan kompaniýasynyň bu önümi enjamlaşdyrylyş we dizaýn babatda ulanyjylaryň isleglerine aňryýany bilen jogap berýär. Agramy 1,3 kilogram bolan kompýuteriň ekrany 13,3 dýuýum. 4K durulygynda sensorly AMOLED ekranly kompýuterde “Intel i7-1065G7” mikroprosessory oturdylypdyr. 16 GB RAM-ly kompýuteriň 512 GB içki ýady bar.

“Lenovo Yoga C340”: koreý brendi planşet önümçiliginde has köp mümkinçilik hödürleýär. Eplenýän planşetiň orta derejeli tehniki aýratynlyklary bolup, agramy 1,65 kilograma barabar. 14 dýuýmlyk “Full HD” durulygyndaky sensorly ekrany bolan planşet eplenýändigi sebäpli dürli maksatlar bilen ulanmaga mümkinçilik berýär. 8 GB RAM-ly planşetiň 256 GB SSD içki ýady bar.

“HP Envy x360”: bu planşet beýlekilerden biraz uly. 15 dýuýmlyk ekranly kompýuteriň agramy 2 kilograma barabar. “Full HD” durulygynda ekrany bolan planşetiň 8 GB RAM-y we 512 GB içki ýady bar.

Ýene degişli makalalar

2-nji gezek çempionlyk gazanan 17-nji sürüji
Samsung kompaniýasy Galaxy Quantum 3 smartfonyny çykarýar
Iň ýuka we ýeňil smartfon satuwa çykýar
2021-nji ýylyň iň kuwwatly batareýaly 3 smartfony
AMOLED ekranly we 64 MP-lik kameraly Vivo S7e 5G smartfony hödürlendi
Türkmenistan we Russiýa täze parlamentara şertnamalaryna gol çekerler, 2-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berler, 28 30-njy iýun aralygynda Milli Gurban baýramy belleniler we beýleki habarlar