Okuw ýylynyň ilkinji güni täze mekdepler işigini giňden açdylar

Şu gün, Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabatda 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň açylyş dabarasy boldy.Mekdebiň öňündäki owadan bezelen meýdançada baýramçylyk ýagdaý emele geldi.Dabara mynasybetli mekdebiň çäklerini owadan şarlar, dürli reňk öwüşginindäki bezeg serişdeleri we baýdaklar bezedi.

Aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary bu waka ajaýyp öwüşgin çaýdy.Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagynda däp bolan toý bagy kesildi --Türkmenistanyň täze bilim syýasatynyň nyşany bolan mekdep okuwçylar we dabaranyň myhmanlary üçin gapylaryny giňden açdy.

Täze okuw binasynyň toplumyna 720 okuwçy orunlyk mekdep hem-de 320 körpä niýetlenen taýýarlaýyş topary girýär.Bu ýerde okuw derslerini, terbiýeçilik işlerini ýokary derejede geçirmek, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleri, okuwçylaryň bilimini artdyrjak çäreleri guramak üçin hemme şertler döredilipdir.

Synp otaglary we iş otaglary häzirki zaman multimediýa we kompýuter enjamlary, dürli dersler boýunça okuw gollanmalary bilen üpjün edilipdir. Ýöriteleşdirilen toplumda innowasion taýdan okatmagyň konsepsiýasyna laýyklykda, taýýarlaýyş toparyndan başlap, esasy dersler bilen bir hatarda, türkmen, iňlis we rus dilleri çuňlaşdyrylyp öwrediler, zerur bolan ýagdaýynda bolsa, beýleki daşary ýurt dilleri hem öwrediler. Şeýle hem okuw maksatnamasy aýdym, çeper döredijilik, tehniki gurnama ýaly dersler we beýlekiler bilen baýlaşdyrylypdyr.

Goşmaça okuwlar okuwçylaryň başarnyklaryna görä guralar. 5-nji synpdan başlap,iňlis dilindäki dersleriň sany artdyrylar, 6-njy dersden başlap, mekdebiň okuw meýilnamasynyň esasynda käbir dersleri iňlis diline geçirmek maksat edinilýär.

Bu ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň taýýarlaýyş toparynda günüň ikinji ýarymynda ýaş aýratynlyklaryna, körpeleriň ukyplaryna laýyklykda, akyl ýetiriş oýunlary arkaly okatmagyň häzirki zaman usullarynyň kömegi bilen daşary ýurt dillerini, surat çekmegi, aýdym-sazy, tans etmegi, hereketli oýunlary öwretmegi guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem çagalar öz gyzyklanmalaryna görä, aýdym-saz, surat çekmek, sport gurnaklaryna çekiler.

Täze 2020-2021-nji okuw ýylynda mekdep okuwçylary bu ýöriteleşdirilen mekdebe söhbetdeşligiň esasynda, taýýarlaýyş toparyna bolsa, 5 ýaşly çagalar kabul edildi.Birinji synpa 6 ýaşly çagalar alyndy, beýleki mekdeplerden bu mekdebe geçmek islänler 2 synpdan geçirildi.

Mekdepde ene-atalaryň islegine görä, uzaldylan günüň topary işlär. Çagalaryň ygtyýarynda uly we kiçi sport zallary hem-de mekdebiň çäklerinde ýerleşdirilen, açyk howada futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, şeýle hem sport ýaryşlaryny geçirmäge niýetlenen sport meýdançalary bar.

Mekdep okuwçylaryny dürli taraply terbiýelemek üçin zähmet okuwynyň otaglary hem göz öňünde tutulypdyr. Şolarda gyzjagazlar tikin tikmegi, nagyş etmegi, milli naharlary taýýarlamagy, oglanjyklar bolsa, agaç ussasynyň we kebşirlemek işiniň başarnyklaryny, zergärçilik ussatlygynyň syrlaryny ele almagy öwrenerler.

Mundan başga-da, mekdebiň okuw-tejribe zolagynda howanyň ýagdaýyny synlamak üçin meteorologiýa stansiýasy hem-de meýdany 250 inedördül metr bolan ýyladyşhana guruldy.Bu ýerde okuwçylar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda agaçlaryň, bakja ekinleriň we gülleriň dürli görnüşleriniň nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny özleşdirerler.

Ýene degişli makalalar

Täze okuw ýyly mekdepleriň ene-atalardan pul ýygnamak çäresi bilen başlandy
Täze okuw ýylynyň bosagasynda mekdep mugallymlary ene-atalardan pul toplaýar
Mekdep gyzlary mata almaga mejbur edýär, bezegçiler 'mugt hyzmat' çäresini geçirýär
Aşgabatda okuwçylar sowuk synplarda ýeňil geýimde oturmaga mejbur edilýär
Sahna belentligi
Aşgabatda iň arassa mekdep we çagalar bagy bäsleşigi başlandy