Oktýabrda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär

Oktýabrda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär

Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün Astanada iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam TürkmenistanGazagystan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Onuň wekilleri yzygiderli duşuşýarlar we iki ýurtda geçirilýän halkara çärelere gatnaşýarlar. Prezident Serdar Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, şu ýylyň 25-27-nji iýunynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynda Medeniýet günleriniň geçirilendigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, iki halkyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylygyň, deňhukuklylygyň, özara hormat goýmagyň we goldamagyň berk ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Häzirki döwürde türkmen-gazak hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda giň mümkinçilikleriň bardygy, olaryň durmuşa geçirilmeginiň özara bähbitlere hyzmat etjekdigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer
Türkmenistanda Gazagystanyň Prezidentiniň resmi saparyna garaşylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralaryna çagyrdy