Oktýabrda Aşgabatda GDA ýurtlarynyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçiriler

Oktýabrda Aşgabatda GDA ýurtlarynyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçiriler

26-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen GDA-nyň sammitinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama işlenip taýýarlanyldy we 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde biragyzdan kabul edildi.

Bu Jarnamada GDA gatnaşyjy döwletleriň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady ulgamda hereket edýän pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralary bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.

Wise-premýer şu ýylyň 14-nji iýunynda sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň netijeleri barada hasabat berip, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisini Aşgabat şäherinde şu ýylyň oktýabrynda geçirmek baradaky teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýändigini belledi. Şeýle hem bu guramanyň pudaklaýyn edaralary bilen gatnaşyklar giňeldilýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy we wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Bu barada TDH ýazýar.

Ýene degişli makalalar

GDA-nyň maslahat beriş geňeşi Aşgabatda geçiriler
GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI
GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Arkalaşygyň giňişliklerinde bilelikde işlemek taslamalarynda Türkmenistanyň orny barada
Aşgabatda GDA-nyň zähmet boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçiriler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Adalatçynyň täze hasabaty adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyny nähili wasp etdi?