Oksford uniwersiteti bilen AstraZeneca “omikrona” garşy sanjym görnüşini taýýarlamaga girişdi

Oksford uniwersiteti bilen AstraZeneca “omikrona” garşy sanjym görnüşini taýýarlamaga girişdi

Öň koronawirusa garşy sanjym taýýarlan Oksford uniwerstiteti bilen britan-şwed kompaniýasy AstraZeneca omikron ştammy bilen göreşmek üçin niýetlenen derman serişdesini döretmäge girişdi. Bu barada TASS habar berýär.

Oksforddaky gözleg toparynyň ýolbaşçysy Sendi Duglasyň aýtmagyna görä, adenowirusa esaslanýan sanjymlar (mysal üçin, Oksford uniwersiteti we AstraZeneca tarapyndan öndürilýän) öň göz öňünde tutulandan islendik täze ştamma çalt täsir etmek üçin ulanylyp bilner.

Gözlegçiler zerur bolan ýagdaýynda 100 günüň dowamynda sanjym modifikasiýasyny taýýarlap biljekdiklerini çaklaýarlar. Öň Ýewropanyň derman serişdeleri agentliginiň ýolbaşçysy Emer Kukuň gazete gürrüň bermegine görä, omikron ştammyň peýda bolmagy bilen koronawirusa garşy bar bolan sanjymlaryň täsirliligi peseldi. Şeýle-de bolsa, “omikrona” garşy sanjymlaryň gerekdigi ýa-da ýokdugy barada netije bar bolan sanjymlaryň täsir etmeýändigine ýeterlik ylmy subutnamalar bolan halatynda kabul ediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan dünýäde we sebitde öz tebigy gaz serişdeleriniň hyrydarynyň köpdügini aýdýar
Angliýada rysarlar hakda orta asyr eposynyň 90 göterimi ýitirilipdir
Pekindäki Olimpiýa oýunlaryny guramak üçin çykdajylaryň möçberi belli boldy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyna girdi
Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
On iki ýaşly mekdep okuwçysy Eýnşteýnden hem ozdurdy