Oklenddäki haýwanat bagynda haýwanlara sanjym edilip başlandy

Oklenddäki haýwanat bagynda haýwanlara sanjym edilip başlandy

ABŞ-nyň Demirgazyk Kaliforniýa ştatynyň Oklend şäherindäki haýwanat bagynda haýwanlara koronawirusa garşy sanjym edip başladylar. Bu barada guramanyň internet saýtynda habar berilýär. Ony lenta.ru paýlaşdy.

Ilkinji sanjymlar kesel ýokaşmak howpy ýokary bolan jandarlara, ýagny gaplaňlara, gara we çal aýylara, dag ýolbarslaryna, horýoklara ediler. Olar eýýäm iki gezeklik sanjymyň birinji dozasyny kabul etdiler. Soňra weterinarlar maýmynlara, ýarganatlara we doňuzlara sanjym etmäge girişerler.

Sanjymlar Zoetis kompaniýasy tarapyndan öndürilip, ABŞ-nyň haýwanat baglarynyň onlarçasyna haýyr-sahawat hökmünde berildi. Barlagçylar topary pişikler, itlerdir öý guşlary we iri şahly mallar üçin koronawirusa garşy beýleki sanjymlary işläp taýýarlamak üçin köpýyllyk tejribeden peýdalandylar. Bu sanjymlar ýörite haýwanlar üçin işlenip taýýarlanyldy.

Ýene degişli makalalar

Kamala Harris: ýeňiş gazanmagy niýet edýärin
Batumi ÝUNESKO-nyň aýdym-saz şäheri statusyny aldy
Ýaponiýa koronawirus sebäpli Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmekden ýüz öwürdi
Täze Zelandiýadaky çäklendirmeler güýçlendirilýär
Hünärmenler 2021-nji ýylda ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawyny düzdüler
Ýaşamak üçin amatly şäherler