Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýä reýtingine girdi

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýä reýtingine girdi

MIR 24-iň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýokary bilim baradaky britan žurnalyna habaryna görä ýokary okuw mekdepleriniň dünýä reýtingine girdi.

Reýtingde Umumy bal 13 görkeziji esasynda jemlenýär, olar bolsa öz gezeginde bilim, gözleg, sitirleme, önümçilik girdejileri we halkara integrasiýa ýaly bäş topara bölünýär. Uniwersitet barada aýtsak, ol üç sany durnukly ösüş maksady: Arzan, ygtybarly we häzirki zaman energiýa çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek, Durnukly infrastrukturany döretmek, senagatlaşmagy we innowasiýalary ösdürmek we Global hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksatlary üçin ykrar edildi.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Türkmenistanda ýapon modeline esaslanýan okuw meýilnamasy bolan ýeke-täk okuw mekdebidir. Bu ýerde nanomateriallar, biotehnologiýa we robotika ýaly 10 ugur boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdan çykarylan daşoguzlylar gazanç üçin Lebaba gelýärler
Şu gün Abu-Dabä ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşy amala aşyrylar
Türkmenistan awiakompaniýasy Abu-Dabi şäherine uçuşyň petegine 50% arzanlaşyk yglan etdi
Imza erkek egin-eşikleriniň dükany 60% çenli arzanladyş yglan etdi
Diňle: Arzan towuk söwdasyndaky başagaýlyklar: “Towuk satlyga däl-de, barlaga goýuldy”
Arzan towuk söwdasyndaky başagaýlyklar: “Towuk satlyga däl-de, barlaga goýuldy”
BILDIRIŞ