27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023 halkara sergisi we maslahaty öz işini tamamlady.
Forumyň soňky gününde Excellence in Energy Award, Best Moderator Award, Excellence in Catering Services, Outstanding Contribution as a Knowledge Partner, Distinguished Excellence in Technical Panel Hosting hem-de Exhibition Excellence Award ýaly alty ugur boýunça sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa laýyklykda:
Excellence in Energy Award baýragyna: Socar, Dragon Oil, CNPC, Pel Limited, Auguste International, Çalik Enerji, Daewoo E&C Branch in Ashgabat, Baker Hughes, Yug-Neftegaz, Hyundai Engineering, Mitro International limited, Buried Hill, ENI Turkmenistan Limited, Schlumberger, NAPECO, LX International he-de Sewertransnerud kompaniýalary;
Halkara maslahatyň iň gowy moderatoryna gowşurylýan Best Moderator Award baýragyna: ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasynyň başlygy Jon MakGregor;
Naharhana hyzmatlary üçin gowşurylýan Excellence in Catering Services baýragyna: Gül Zaman we Arassa Deňiz restoranlary;
Outstanding Contribution as a Knowledge Partner baýragyna: forumyň gün tertibini düzmekde we çykyş etmek üçin ýokary derejeli myhmanlary çagyrmakda OGT-2023 halkara maslahatynyň guramaçylaryna goldaw beren S&P Global Commodity Insights kompaniýasynyň Seljeriş boýunça ýolbaşçysy Kler Godar;
Distinguished Excellence in Technical Panel Hosting baýragyna: Society of Petroleum Engineers kompaniýasy;
OGT-2023 sergisinde iň oňat pawilýon dizaýny üçin 70 sany sergi stendiniň arasyndan saýlanan Malaýziýanyň Petronas hem-de Türkmenistanyň Söwda Gurluşyk Maslahaty kompaniýalary mynasyp boldular.
Ýeri gelende bellesek, OGT-2023 700-den gowrak ýerli we daşary ýurtly wekilleri, 400-den gowrak kompaniýany bir ýere jemläp, oňa 10 müň töweregi adam baryp gördi.