
Türkmenistandan Hytaýa iberilen tebigy gazyň möçberi 340 milliard kub metrden geçdi. Bu barada CNPC-iň başlygy Hou Siszýun 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022 halkara maslahatynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.
Hytaý korporasiýasynyň başlygynyň bellemegine görä, gaz söwdasynyň umumy bahasy 60 milliard dollardan geçdi. Munuň özi bolsa iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklara güýçli itergi berdi diýdi.
Şeýle hem Siszýun Türkmenistan bilen CNPC-niň önümçilik, ösüş, inženerçilik gurluşygy hem-de enjamlar we materiallar bilen üpjün etmekdäki üstünliklerine ýokary baha berdi.
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl Hytaýyň nebit-gaz korporasiýasy bilen Önümçilik paýlaşyş şertnamasynyň baglaşylanyna 15 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýyldan bäri bu kompaniýa Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Bagtyýarlyk zolagynda iş alyp barýar.