Ogaýoda aerotaksi zawody gurlar

Bir wagtlar Raýt doganlaryň uçýan enjamy işläp düzen Ogaýo derýasynyň jülgesinde ýakyn wagtda iň täze elektrouçarlar öndüriler. Ogaýa ştaty bilen Kaliforniýanyň “Joby Aviation” kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamada laýyklykda, 2025-nji ýyla çenli Deýton halkara howa menziliniň golaýyndaky 56 gektar meýdanda aerotaksi öndürmek maksady bilen desganyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Futuristik uçýan enjamlar (eVTOL) köp adamly şäherlerde alternatiw ulag serişdesi hökmünde dünýä bazarlaryna çykarylar. Ogaýodaky “Joby Aviation” zawody ýylda 500-e golaý sessiz uçar öndürer we 2000-e golaý iş ýerini döretmäge mümkinçilik berer. Ogaýo ştaty, “JobsOhio” ykdysady ösüş boýunça korporasiýasy we ýerli maýadarlar bu taslama goldaw bermek maksady bilen, takmynan, 325 million dollar bölüp berdiler.

Ýene degişli makalalar

Sen haýsy eliň bilen ýazýaň?!
Stiw Jobsuň gyzy kitap ýazdy
Stiw Jobsuň gyzy kitap ýazdy
“iPhone 3GS” gaýdyp gelýär
CNN: Donald Tramp ABŞ-nyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy