Özüňi Ilon Mask ýaly duýmak üçin...

Özüňi Ilon Mask ýaly duýmak üçin...

Italiýaly programmaçy Nino Triwelli özüni milliarder Ilon Mask ýaly baý duýmak isleýänler üçin ýörite simulýasiýa sahypasyny döretdi. Sahypa, takmynan 164 milliard wirtual dollar sarp etmegi teklip edýär. Döredijiniň pikiriçe, ähli emlägini nagt eden halatynda Maskyň bank hasabynda bolup biler.

Saýt onlaýn dükan görnüşinde ýasaldy, bu ýerde smartfonlardan we abunalardan başlap, dürli zatlary onlaýn satyn alyp bolar. Aslynda, bu harytlary hiç kim satanok, sahypa diňe Ilon Maskyň näçeräk pulunyň bardygyny görkezýär. Abstrakt sanlar bolsa hakyky zatlardan has gowşak göz öňüne getirilýär diýip, ferra.ru tarapyndan habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Tesla kompaniýasy köpçüligi CyberCab robotakisisi bilen tanyşdyrdy
Türkmen tennisçileri Omanda geçirilen halkara ýaryşda 6 medal gazandylar
18-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanly tennisçi Omanda geçirilen halkara ýaryşda altyn medala mynasyp boldy
Mask dünýädäki iň uly howp barada duýdurdy
Öýken üçin peýdaly azyklar….
Ilon Mask adamzat başga planetalara göçmeli diýip hasaplaýar