Saud Arabystany 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin özboluşly stadion gurmagy meýilleşdirýär. Neom meýdançasy geljekki The Line aýna megapolisiniň taslamasynyň çäginde gurlar diýip, Parametric Architecture web saýty ýazýar.
Ýerden 350 metrden gowrak belentlikde ýerleşjek stadion dünýäde iň beýik sport desgalarynyň biri bolar. Binagärlik taslamasy aýna böleklerinden döredilen üçegi göz öňünde tutup, bu stadiona futuristik görnüşi berer. Stadiona 46 müňden gowrak adam sygar.
Taslama Neom stadionyny oýunçylar, tomaşaçylar we ýaýlyma berijiler üçin öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda elektron petek we 4K Ultra HD ýaly ýaýlyma beriş enajamlary bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutýar. Dünýä çempionaty tamamlanandan soň, stadion professional futbol kluby üçin öý we The Line şäheriniň sport durmuşynyň merkezi bolar.
Stadionyň gurluşygyna 2027-nji ýylda başlamak, 2032-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Ýatlap geçsek, aýna megapolisiniň döredilmegini göz öňünde tutýan The Line taslamasy Saud Arabystanynyň maliýe ätiýaçlyklarynyň azalmagy sebäpli gysgaldyldy.
The Line häzir Saud Arabystanynyň demirgazyk-günbatarynda gurulýan geljegiň megapolisidir. Neom ösüş taslamasyna laýyklykda, şäher biri-birine garşy parallel hatarlar görnüşinde ýerleşdirilen uzyn aýna fasadlardan ybarat bolar. Olary geçelgeler, açylýan köprüler we ýokary tizlikli ulag ulgamy birleşdirer.