Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşendigini we ony doglan güni bilen gutlandygyny aýdýar.Bu Berdimuhamedowyň işjeňligi barada onuň ölendigi hakynda 21-nji iýulda sosial mediada ýaýran gep-gürrüňlerden we tassyklanmadyk ölüm habary rus metbugatynda çap edileli bäri çykan ilkinji resmi maglumat bolup durýar.
Türkmenistan dünýäde hukuk toparlary tarapyndan iň bir ýapyk jemgyýetleriň we repressiw hökümetleriň biri diýlip häsiýetlendirilýär we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugrunyň Berdimuhamedow we onuň ýoldaşlary tarapyndan kontrollykda saklanylýandygy aýdylýar.Bu ýurtdaky şertlerde gep-gürrüňler ýyldyrym çaltlygynda ýaýraýar, garaşsyz žurnalistleriň hakykat bilen toslamalaryň arasyny açyp biljek habarlary taýýarlamagynyň bolsa öňi baglanýar.
Berdimuhamedowyň 15-nji iýuldan bäri jemgyýetçilige görünmezligi, hatda 6-njy iýulda ÝB-niň daşary syýasaty başlygy Federika Mogherini Aşgabda gelende hem jemgyýetçilige çykmazlygy onuň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlygy, hatda ölen bolmagynyň ahmaldygy baradaky gep-gürrüňleriň möwjemegine itergi berdi.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy, Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuny götergilemegiň çäginde, onuň häkimiýetde bolan 12 ýylynyň dowamynda, adatça awtokrat dolandyryjynyň işi hakynda adatça gündelik ýagdaýda, ara kän salym salman habar berýär.
Daşary ýurtlardaky türkmen diplomatik wekilhanalary onuň ölümi baradaky gep-gürrüňleri “düýpden ýalan” diýipret eden-de bolsalar, ne döwlet mediasy, ne-de Aşgabatdaky resmiler bu gep-gürrüňler barada üç günläp hiç zat diýmediler. 21-nji iýulda türkmen mediasynda Berdimuhamedow barada berlen habarlar diňe onuň dynç alyşda kitap ýazýandygy, Saglyk işgärleriniň güni mynasybetlitürkmen saglyk işgärlerini gutlandygy baradaky gysga maglumatlardan ybarat boldy. Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň iki ýurduň prezidentleriniň arasynda bolan telefon gürrüňi baradaky habaryndan biraz soň Türkmen döwlet habar gullugy hem Berdimuhamedowyň Mirziýoýewe telefon edendigini habar berdi.
Mundan öň Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýy bilen bagly gelen maglumatlaryň käbiri Azatlyk radiosy tarapyndan tassyklansa, käbiri ýalana çykaryldy we ýapyk jemgyýetde käbir gürrüňleriň döremegine alyp geldi.Mysal üçin, 29-njy iýunda, türkmen awtokratynyň 62 ýaşynyň dolmagynyň bellenilýän wagtynda metjitleriň ymamlary Berdimuhamedowyň saglygyny diläp, köpçülikleýin doga-dileg etdiler.
Olar öňki ýyllarda prezidentiň doglan gününde beýle zat etmändiler. 24-nji iýul güni irden Aşgabatda häkimligiň işgärleri jemgyýetçilik edaralarynyň jaýlarynyň öňüni arassalamak işlerine başladylar, bu hili uly taýýarlyk işleri adatça döwlet derejesinde guralýan jaýlanyş dabarasyna ýa-da bir halkara konferensiýasyna taýýarlyk görülmese, geçirilmeýär.
Türkmenistandan 24-nji iýulda içerki uçar gatnawlarynyň togtadylandygy barada berlen maglumatlar tassyklanmady, uçar gatnawlaryna gözegçilik edýän FlightRadar24.com neşiri ýurt içinde birnäçe uçaryň gatnawdadygyny görkezdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň soňky günlerde goňşulykdaky Gazagystan we Özbegistan bilen aradaky serhet geçelgelerini baglandygy barada berlen habarlar dogry çykmady.
Türkmenistan özüniň Gazagystan bilen aradaky ýeke-täk serhet geçelgesini 2018-nji ýylda ýapdy, Aşgabatdaky hökümet bu çäräni zerur bolan gurluşyk işleri bilen düşündirdi. Özbegistan bilen aradaky serhet geçelgesiniň wagtlaýyn 10-njy iýuldan 15-nji awgusta çenliýapyljagyny bolsa türkmen hökümeti şu aýyň başynda habar berdi.